BIZNES

2020-nji ýylyň 11 aýynyň ykdysady görkezijileri

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işlere seredildi.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudagynyň ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi.

  • Şu ýylyň 11 aýynda jemi içerki önüm 5.8 göterim artdy.
  • Hasabat döwründe 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy.
  • Şol döwürde geçen ýylyň degişi döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 18 göterim artdy.
  • Döwlet haryt çig-mal biržasy boýunça şu ýylyň 11 aýynda birža söwdalarynyň jemi 257-si geçirildi we 26083 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bile deňeşdirilende girdejiniň ösüşi 103,3 göterime barabar boldy.
  • Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 10 göterime deň boldy. Hasabat döwründe sergileriň 6-sy we wideoaragatnaşyk arkaly 29 maslahat geçirildi.
  • Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda oba hojalyk we azyk önümleriň önümçiliginiň ösüşi 137,4 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 108 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hususylaşdyrmagyň, senagatlaşdyrmagyň, sanly ulgama geçmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmagyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutýan wezipeleridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan desgalaryň maksatnamasyna aýratyn üns bermegi tabşyryp, bu resminamanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde gutarnykly serediljekdigini belledi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder