BIZNES

2 milliard dollara ýakyn aksiýalary satdy

Häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamy hasaplanylýan «Amazon» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žeff Bezos Ýer ýüzündäki iň uly onlaýn-reýetleriniň 1,899 milliarddan gowrak möçberdäki aksiýalaryny satdy.

Habara görä, Bezos kompaniýanyň 900 müňden gowrak aksiýasyny 29 ― 31-nji iýul günleri üç tapgyrda satdy. Aýdylyşy ýaly, aksiýalyň her biri 1,9 müň dollardan satyldy. Häzir kompaniýanyň elinde aksiýalaryň ýene-de 58 milliondan gowragy galdy.

Bezos 2017-nji ýylda-da başga bir kompaniýany ― «Blue Origini» maliýeleşdirmek üçin umumy bahasy 1 milliard dollara barabar aksiýalary satypdy.

Häzir onuň şahsy baýlygy 131 milliard dollara barabardyr. Milliarder 2018-nji ýyldan bäri «Amazondan» başga-da, «Blue Origine» hem eýeçilik edýär.

Ýene-de okaň

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler