SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

18-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 18-nji  fewraldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Çynlakaý kynçylyklar bilen baglanyşykly amatsyz gün: ygtyýarlygyň peselmegi, maliýe ýitgileri, şowsuz şertnamalar, ýeňlişler, keseller bolup biler. Sabyrlylygyňyz we zähmetsöýerligiňiz ýolbaşçylaryňyzyň razylygyny gazanmaga ýa-da howandarlardan kömek almaga kömek eder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Köçeden geçeniňizde seresap boluň, şikeslerden, zäherlenmelerden ägä boluň. Bu gün keselleseňiz, ol uzak we kyn bolar.Aldawa düşmek, dönüklik ýaly uly howp bar. Dyrnaklaryňyzy we saçyňyzy kesmekden, operasiýa etmekden ýa-da alkogolly içgileri içmekden saklanyň. Çagalaryňyzyň saglygyna aýratyn üns beriň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Durmuş potensialyňyzyň ep-esli azalandygyna garamazdan, problemalary başgalaryň egnine geçirip bilmersiňiz. Depressiýa ýagdaýynyň bolmak ähtimallygy gaty ýokary. Munuň öňüni almak üçin, kömege mätäçleriňiziň problemalaryna geçiň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Üýtgeşmeler we ykbalyň garaşylmadyk öwrümleri güni. Iş kagyzlary ýa-da maddy aktiwlikler bilen işläniňizde seresap boluň – ýitginiň bolmagy mümkin. Öňdengörüjilik we wakalary seljermek ukyby, özüňize bolan ynamy saklamak üçin ygtybarly pursatdyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Günüň birinji ýarymy durmuş mümkinçiliginiň peselmegine garaşylýar. Aldawa düşmegiňiz mümkin. Energiýanyň ýetmezçiligi nägilelige we agressiwlige sebäp bolup biler. Alkogolly içgileri ulanmaň, iýmitde seresap boluň. Günortan birneme asuda bolar. Esasy wakalar öýde bolup geçer we nagt girdejiler bilen baglanyşykly işewürlikler bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Maliýe kynçylyklary, talaňçylyklar, gymmatly zatlaryň ýitmegi mümkindir. Sünbüle erkekleri oňaýsyzlygy we gahar-gazaby başdan geçirerler. Meňzeş pikirli adamlar we dostlar bilen gatnaşykda ägä bolmaly bolarsyňyz. Ähli şübheleri taşlaň we ynam duýgusynyň sizi doly ele almagyna ýol beriň. Syýahat, gezelenç üçin ajaýyp gün.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Çözülmedik meseleler kyn ýagdaýa getirip biler. Emma hiç hili yza çekilmäň – ýagdaýy düzetmek, ýüze çykan oppozisiýany zyýansyzlandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň. Mümkin boldugyça pikiri we niýeti taýdan size ýakyn bolmadyk adamlar bilen aragatnaşykdan gaça duruň. Maşgala meselelerini çözmeklige başlasaňyz, ýakynlaryňyzyň goldawyna we kömegine bil baglap bilersiňiz. Sizden uzak wagt bäri  aýgytly herekete garaşýarlar. Şeýle-de bolsa, berk hökümlere we erbet pikirlere ýol bermäň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Dürli görnüşli amallary baglaşmak ýa-da gepleşikler üçin amatsyz gün. Ýolda ägä boluň, syýahat bilen baglanyşykly iş bilen meşgullanmaň. Diňe dostlaryňyzyň, garyndaşlaryňyzyň we hoşniýetli adamlaryň kömegi bilen üstünlik gazanyp bilersiňiz. Garry adamlarda dowamly keselleriň güýçlenmegi ähtimal.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Häzirki wagtda islendik iş, garaşyşyňyzdan has köp tagalla we wagt talap eder. Durmuş sizi ýene synaglara taýýarlaýar – maddy ýagdaýyňyz bilen baglanyşykly beýleki adamlar bilen gapma-garşylyklar bolup biler. Günüň ikinji ýarymynda doly aragatnaşygyň mümkin däldigi sebäpli ýakynlaryňyz nägile bolarlar. Bu siziň umumy nägileligiňize ýa-da agressiwligiňize sebäp bolup biler. Duýgulary saklamak, beýlekileriň mähirini dikeltmäge kömek eder.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Günüň birinji ýarymynda durmuş potensialynyň peselmegi, saýlanan ugruň dogrulygyna näbellilik we özüňize nägilelik telekeçilik işiňizi kynlaşdyrar, netijeliligi peselder. Özüňize global maksat goýup bilmersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda sizi gezelenje gitmäge mejbur etjek möhüm habary alarsyňyz. Maliýe kynçylyklary ähtimal: köne bergiler özlerini ýatladar, garyndaşlaryňyza ýa-da ýakynlaryňyza kömek etmek barada alada etmeli bolarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ýalňyşlyklar we öz-özüňi höweslendirmek maliýe ýitgilerine sebäp bolup biler. Adaty wakalara entek goşulmaň – belki kynçylyklaryň köpüsi öz-özünden ýok bolar. Iň bolmanda, dostlaryňyzdan kömek ýa maslahat soraň, ýa-da öz logikaňyza ýüzleniň. Günüň ikinji ýarymynda saglygyňyzyň ýaramazlaşmagy mümkin.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Uzak syýahat, gyzykly adamlar bilen duşuşmak üçin amatly gün. Täze täsirler ýadawlykdan, içgysgynç gündelik durmuşdan dynmaga we şadyýanlygy we optimizmi yzyna gaýtarmaga kömek eder. Şahsy durmuşyňyzda kynçylyk, pikirlendirýän saýlaw bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama