SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

15-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  15-nji  apreldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün islendik başlangyçlaryňyz uly güýç sarp edilmegini talap eder. Gowusy siz saklanyň we daş-töweregiňize ünsli serediň. Bu günki gören düýşüňiz hakyky bolup biler. Onuň ýakyn geljekde amala aşmagy gaty ahmaldyr.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlaryň şahsy durmuşynda uly üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylýar. Özüňize we ýakynlaryňyza jogapkärçilik duýgusy sizi üstünlige ýetirer. Kesgitli boluň. Ykbalyň durnuklylygyna üns bermäň. Ol hemişe beýle bolup durmaz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Daş-töwerekdäkiler bilen hyzmatdaşlyk şu gün gaty netijeli bolar we özara kanagat getirer. Jöwzalaryň ýalňyz wekillerine geljegi uly duşuşyklar, gyzykly, ýöne gysga tanyşlar garaşýar. Ýagdaýa baglylykda özüni alyp barşyň taktikasyny üýtgetmek ukyby size üstünlik gazanmaga kömek eder.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ýyldyzlar şu gün çynlakaý iş gepleşiklerine başlamagy maslahat bermeýärler – öý we şahsy meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Ykbal sizi çydamlylykda synap görýär – garaşylmadyk boljak bir waka siziň peýdaňyza däl bolmagy mümkin.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün hünär işjeňligi we şahsy gatnaşyklardaky düşünişmezlikler bilen baglanyşykly kynçylyklar bolar. Hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk gurmak, täze işe başlamak üçin amatsyz gün. Şu gün wadalardan, gereksiz gepleşiklerden we kagyz resminamalaryna gol çekmekden gaça durmaga synanyşyň. Özüňiziň we ýakynlaryňyzyň saglygyna üns beriň. Süýt önümlerini köp peýdalanyň, ýagly iýmitlerden bolsa, saklanyň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün işewürlige çynlakaý çemeleşmegi talap edýän başagaý gün bolar. Maksadyňyzy ileri tutuň we batyrgaýlyk bilen hereket ediň, ýöne aşa hyjuwly, özdiýenli bolmakdanam gaça duruň. Geljekdäki ösüş çeýeligiňize bagly bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu günki ýyldyzlar size esasy zada ünsi jemlemegi we ownuk-uşak zatlardan ünsüňizi sowmagy maslahat berýär. Hünär işjeňligindäki kynçylyklar ýa-da geçen ýalňyşlyklaryňyzy düzetmek ähli wagtyňyzy alar. Bu gün özüňize fiziki agram salmak howpludyr. Emläk bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagyna garaşylýar. Öz zatlaryňyza aýratyn üns beriň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Işe çynlakaý gatyşyň. Ýaman niýetlileriň hyjuwlary ýa-da öz ýalňyşlyklaryňyz siziň maksadyňyza ýetmegiňizi kynlaşdyrar. Söýgi gatnaşyklarynda belli bir ýokarlanma bar. Ýöne garaşylmadyk habar sizi wagtlaýyn söýgi başdan geçirmelerinden saklar. Seresapsyz şikeslerden ägä boluň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Jedellerde özüniňkini dogry tutmak we ynandyryjylyk islendik işde üstünlik getirer. Ähli zada ünsli boluň we edýän işiňize ynamly boluň. Emma, aşa özdiýenli bolmaň, ýogsam agalyk etmek islegiňiz, özüňize bolan uly ynamyňyz garyndaşlaryňyzyň ýa-da ýakynlaryňyzyň nägileligini döredip biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Şu gün ýyldyzlar täze, peýdaly hyzmatdaşlar bilen duşuşmagy ýa-da işiňizde üstünlik gazanmagy wada berýär. Döredijiligiňizi doly beýan edip bilersiňiz. Ylhamyňyz geler, bu bolsa täze açyşlary etmeklige, üýtgeşik pikirleri orta atmaga ýardam berer. Ynamyňyz ep-esli artar.
 

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün dost-ýarlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda ýa-da öý işleriňizde birneme kynçylyklar bolar. Ykbalyň taýýarlan synaglary size ýakyn ýa-da ynamdar adamyň kömeginden, maslahatyndan peýdalanmaga mejbur eder. Bu zatlar size kynçylykdan baş alyp çykmaga kömek eder. Saglyk ýagdaýyňyza, iýmitiňize gowy serediň. Düýşüňiziň çyn bolmagy ahmal we bir hepdäniň dowamynda amala aşyp biler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Islendik iş, aragatnaşyk, maşgala gatnaşyklaryny başlatmak üçin amatly gün. Bu gün möhüm meseleleri ýa-da köne ýalňyşlyklary düzedip bilersiňiz. Täze tanyşlygyň ýa-da romantiki başdan geçirmeleriň ähtimallygy ýokary. Saglygyňyza we iýmitiňize üns beriň.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama