SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

14 aýdan soňra adaty durmuşa dolanýarlar

Dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň biri hasaplanýan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri pandemiýadan öňki durmuşyna kem-kemden dolanyp barýar. Şonuň çäklerinde sanjym edilen adamlar örtük dakynmagy hem-de howpsuz araçägi saklamagy ýaly öňüni alyş çärelerinden boşadyldy.

Restoranlar, muzeýler, kafeler we kinoteatrlar doly güýjünde işläp başlady. Bu barada beýanat beren Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Bill de Blasio şäher ilatynyň adaty durmuşa dolanmagynda sanjymyň ähmiýetiniň uly bolandygyny belledi. Şäheriň ilatynyň 42 göterimden gowragy doly sanjym aldy.

Emma, şonda-da Nýu-Ýork şäherinde köpçülikleýin ulag serişdelerinde, saglygy goraýyş edaralarynda, mekdeplerde we garrylar öýünde örtük dakynmak zerurlygy dowam edýär.

Şeýle hem şäherde açyk we ýapyk binalarda çäreleriň gurnamagyň tertibi hem kesgitlendi. Açyk meýdanlarda 500 adamlyk, ýapyk binalarda bolsa 250 adamyň gatnaşmagynda çäreleri gurnamaga rugsat berilýär.

 

 Iň uzyn uçuş 4 sagat bolar

Ýene-de okaň

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri