MEDENIÝET

13-15-nji noýabrda Aşgabatda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Wise-premýeriň hasabatyna görä, şu ýylyň noýabryň dowamynda köp sanly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şolaryň hatarynda:

  • 3-nji noýabrda ýurdumyzda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni giňden bellenip geçiler.
  • 10-njy noýabrda Hasyl toýy mynasybetli çäreleri we dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • 13-15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçiriler.
  • 14-16-njy noýabry aralygynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler, şeýle hem «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigiň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri