BIZNES

1 günde 10 milliard ýewro gazandy

Jeff Bezos “Amazonyň” paýnamalarynyň köpelmegi bilen bir günde 10 milliard ýewro gazandy. Bezos dünýäniň beýleki baý adamlary bilen deňeşdireniňde, eýýäm ägirt uly aralyk bilen dünýäniň iň baý adamy bolmagy başardy. Indi onuň emlägi 189,3 milliard dollar (148 milliard ýewro) diýlip çaklanylýar.

Internet arkaly onlaýn söwda işlerini amala aşyrýan bu kompaniýa dükanlardan gaça durýan adamlaryň koronawirus pandemiýasy döwründe onlaýn söwda etmeginiň hasabyna girdejisini ýokarlandyrýar.

Bezos 1990-njy ýyllaryň ortalarynda öz kompaniýasynyň işini ýola goýup, kitap satmak arkaly işleriniň gerimini giňeldip, dünýäni iri onlaýn söwda nokadyny döretdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy