Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 04-nji martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Maliýe ýagdaýyňyzyň gowulaşmagyna ýa-da işiňiziň üstünlikli tamamlanmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, giňlik we pesgöwünlilik duýgusyny ýitirmezlik maslahat berilýär. Maşgalaňyza has köp üns beriň: özüňiziň üstündigiňizi bildirjek bolup, bütinleý ýalňyz galyp bilersiňiz. Ýakyn wagtda meýilnamalara täzeden garamaly ýa-da taktikany üýtgetmeli bolarsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün hemme zat siziň garşyňyza ýaly görünýär, ýöne bu duýgy ýalandyr. Ýyldyzlar başlyklar we kärdeşler bilen aragatnaşykda paýhaslylygy elden gidirmezlikgi maslahat berýärler. Islendik pursatda ýagdaý erbetleşip biler. Täze tanyşlardan ägä boluň. Täze aragatnaşyklar geljekde köp kynçylyklary döredip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Akylyň, islegleriň we duýgularyň ýokary sazlaşykly döwri başlanýar. Planetalar size ähli başlangyçlaryňyzda kömek eder. Ynamly hereketler köp jöwüalaryň şahsy durmuşyna täsir eder. Söýgi, şatlyk, döredijilik we özüňize bolan ynam dörär. Bu zatlar bolsa, ýakyn wagtda ýaryňyza gowuşmaga getirip biljek uly söýgi üçin niýetlenendir.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Maddy sferaňyz gaty gowşak, puluňyza özüçe eýelik etmek isleýänler köp. Üns beriň we seresap boluň, iň gymmatly zatlary gözegçilikde saklaň – ogurlyk edilmek ähtimallygy ýokary. Häzirki wagtda karz bermezlik we maliýe resminamalaryna gol çekmezlik zerurdyr
Bu zatlary has arkaýynçylykly, durnukly wagta geçirmek gowudyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Maliýe meselelerini çözmek bilen baglanyşykly işewürlik üçin amatly gün. Irden dürli çärelere gatnaşyp bilersiňiz. Eset zenanlary özlerini dogry we gowy tarapdan açyp görkezmek ýa-da täze hyzmatdaş tapmak üçin özüneçekijiligini görkezip bilerler. Ýyldyzlar aşa hyjuwly bolmakdan gaça durmagy maslahat berýärler. Täze tanyşlyk uzaga çekmez.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Gün gaty kyn bolup biler. Ýaşuly sünbüle üçin artykmaç ýük we nerw dartgynlygy stres we keseli döredip biler. Çynlakaý keseliň öňüni almak üçin ähli çäreleri görmeli. Köpleriň şahsy durmuşy şowsuz bolar – aşyklar we är-aýallar çynlakaý dawa-jenjellere, belki-de birek-birekden sowuklanmaga sebäp bolarlar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Işli, başagaý gün. Ähli problemalary birbada düzetjek bolmaň. Bir ýere jemlenip, başlanan wakalary anyk netijä getirmeli. Mizan zenanlaryna gartaşan garyndaşlary bilen aragatnaşykda bolup biläýjek kynçylyklar barada duýduryş berilýär. Maliýe ýagdaýyňyz geljekdäki meýilnamalaryňyza we maşgala ýagdaýyňyza täsir eder. Çagalaryňyzyň meseleleri sizden ep-esli maliýe çeşmelerini talap eder.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Üýtgeşiklikleriň, geň galdyrjak wakalaryň köp boljak güni, bu aý durmuşyňyzyň ähli ugurlarynda ýagdaýyňyzyň näderejede üýtgejekdigini görkezer. Meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikden peýdalanyň, köp zat şu wagt çözülip bilner. Kömege garaşmaň, bilimiňize, duýgurlygyňyza we seresaplylygyňyza doly bil baglaň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Ýyldyzlar bu gün sizi synaýarlar. Aldawa düşmekden ägä boluň. Şübhelere we düşnüksiz aladalara ýol bermezlige çalşyň. Kelläňizi ýitirmäň. Bu günüňizi maşgalaňyza, aýry-aýry çärelere, kitaphana baryp görmäge bagyşlaň. Pikirleriňizi ýygnamaly. Ähli iş saparlaryňyzy ýatyryň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün sport we islendik bedenterbiýe üçin amatly. Ýakyn dostlaryňyz ýa-da garyndaşlaryňyz bilen duşuşmak garaşylmadyk çykdajylara sebäp edip biler. Planetalaryň howandarlygy şahsy durmuşyňyza söýgi we näziklik getirer.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Täze, gyzykly tanyşlyklar, gezim etmek üçin amatly gün. Dostlaryňyz ýa-da garyndaşlaryňyz şu gün öýüňize agşamlyk naharyna gelmek isleseler, hoşniýetlilik bilen razy boluň, sebäbi olar bilen aragatnaşyk siziň üçin peýdaly bolar. Ýörelgeleriňizi üýtgediň we gündelik meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Arzuw-niýetiňiz, güýçli energiýaňyz we täze zatlara bolan islegiňiz uzak möhletli meýilnamalary düzmäge ýa-da iş ugruny üýtgetmäge mejbur edip biler. Göwnüňize degmezlik üçin ýagdaýa çynlakaý baha bermäge synanyşyň. Bu gün ýakyn gatnaşyklara başlamak üçin amatlydyr. Duýgudaşlyk duýgusy bu gün has möhümdir.