SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

02-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                02-nji  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.   

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün size täze mümkinçilikler açylyp biler. Işde öňe gidişlik bolar emma her  bir ädimde seresap boluň. Maliýe taýdan üýtgeşmeler bolup biler. Güniň ikinji ýarymynda maşgalaňyz bilen düşünşmek müňkin bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bugün energiýaňyz ýokary bolmasa-da, bar işleriňizi tertipli dowam etdirmäge mümkinçilik taparsyňyz. Maliýe bilen baglanyşykly meselelerde seresap boluň. Ýakynlaryňyz bilen köpräk wagt geçirmegi maslahat berilýär.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

2 dekabr size täze pikirler we döredijilik güýjüni berer. Işde hem okuwda üstünlikleriň bolmagy mümkin. Täze işe başlamak üçin bu gün  amatly gün. Resminamalara  degişli meselelerde ünsli boluň.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün duýgularyňyz güýçli bolup biler, şonuň üçin kararlaryňyzy  soňraga  goýmak gowudyr. Özüňize wagt tapyň. Maşgala gatnaşyklaryňyz oňyn dowam eder. Güniň ikinji ýarymynda saglygyňyza üns bermek maslahat berilýär.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Siziň üçin  gowy gün. Liderlik ukybyňyz ön plana çykar. Işde täze mümkinçilikler döräp biler. Durmuşyňyzda täze adamlar peýda bolar, olar geljekde size möhüm bolar. Özüňize bolan ynamy saklaň.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bugün işleriňizde  netijelilik ýokary bolar. Maliýa taýdan üstünlik gazanyp bilersiňiz Özüňizi gowulaşdyrmak, täze  zatlary öwrenmek üçin amatly gün.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Günüň dowamynda gowy habarlary alyp bilersiňiz. Goşmaça iş ýa-da taslamany başlamak üçin hem amatly gün. Duýgy meselelerinde durnuklylyk ýokary bolar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün içki duýgularyňyz güýçlenip biler. Işde dowamlylyk we sabyr talap edýän ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Maliýa işleriňizde  gowulaşmalar ähtimal.Ýyldyzlar size güniň ikinji ýarymynda maşgalaňyz bilen syýahat etmekligi maslahat berýär.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün  täze meýilnamalary döretmek üçin amatlydyr. Syýahatçylyk ýa-da okuw bilen baglanyşykly meselelerde üstünliklere garaşylýar. Maşgala gatnaşyklary pikir edişiňizdenem has  gowy bolar.Olara bilen syýahat etmek dynç almak üçin amatly gün.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01) 

Bu gün öňden bäri gijikdiren işleriňizi tamamlamak üçin amatly. Jogapkärçilikli meselelerde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Maliýe taýdan seresap bolmak maslahat berilýär. Tertip düzgini saklamak  size uly ýardam eder.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün siz üçin  döredijilikli  we täze pikirli  gün bolar. Işde hem öýde täzelikler döräp biler. Dostlaryňyz bilen gatnaşyklarda hoş habarlary alarsyňyz. Güniň ikinji ýarymynda uzak wagt bäri çözülmedik meseleleriňize çözgüt tapyp bilersiňiz. 

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün emosional taýdan durnukly günüňiz. Işde hem öýde rahatlyk garaşylýar. Biznes bilen meşgullanýanlar üçin peýdaly teklip bolup biler. Saglygyňyza  we  iýmitleriňize üns bermek siz üçin peýdaly bolar.

Ýene-de okaň

2025;Hepdelik täleýnama (01-njy-07-nji dekabr )

01-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama