SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

02-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  02-nji  martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Işiňizde öňden bäri çözgüde garaşýan möhüm meseleleri çözseňiz, öňki ýalňyşlyklary düzedseňiz, bu gün stresden dynarsyňyz we päsgelçilikleriň köpüsini ýeňip geçersiňiz. Ähli ünsüňizi öýňüze we maşgala gatnaşyklaryna gönükdiriň. Saglyk ýagdaýy kem-kemden gowulaşar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün biraz ýekelikde bolmak maslahat berilýär. Meýilnamalaryňyz, maksatlaryňyz we özüňizi alyp barş taktikalaryňyz barada arkaýyn pikirlenip bilersiňiz. Kärdeşler we başlyklar bilen aragatnaşykda kynçylyk bolup biler. Maşgalaňyzyň ýaşuly agzalaryna has köp üns beriň. Ulular siziň şahsy durmuşyňyza päsgel berýän we hereket azatlygyndan mahrum edýän ýaly görünýär. Günüň ikinji ýarymynda oturşyklary guraň, bu özara düşünişmek üçin diýseň amatly bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün hünär taýdan ösmek üçin amatlydyr. Täze işe çynlakaý serediň – ony üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Maliýe ýagdaýy ýaramazlaşyp biler, şonuň üçin çykdajylarda has çäkli boluň. Dostlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen duşuşmak, iň bolmanda jaňlaşyp durmak, häzirki wagtda diýseň peýdalydyr.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Günüň birinji ýarymynda şübheler we lapykeçlikler bolar. Hyzmatdaşlar we ýokary wezipeli adamlar bilen aragatnaşyk saklamak kyn düşüp biler. Başlangyçlaryňyzy ýarty ýolda taşlamaň, her ädimiňizi ýedi ölçäp bir kesiň we ýaman niýetlileriň maslahatyna ynanman, ýagdaýlara görä hereket ediň. Çagalar bilen aragatnaşyk etmek günüň negatiw täsirlerini ýeňilleşdirer.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu günüň üstünlik gazanmagy esasan başlyk bilen gatnaşyklara bagly bolar. Esetleriň köpüsi öz aýratynlyklaryny görkezmeli bolarlar. Eset aýallaryň bu günki etjek hereketlerini öňünden duýup hem bolmaýar. Size azap getirjek ýagdaýlar bolup biler. Siz bolsa öz gezegiňizde ýakyn adamlaryňyza ejir çekdirersiňiz. Jadygöýlik, agressiýa we egoistlik size gelişmeýän häsiýetlerdir.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün ýagty we ýatdan çykmajak bir waka bolup biler. Kärdeşleriňiziň ýa-da ýakyn adamyňyzyň teklipleri hakda kän pikirlenmeli däl. Ýyldyzlar sizi goldaýanlygy sebäpli, şu gün başlaýan ähli zadyňyz üstünlikli dowam eder we ajaýyp netijelere getirer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu günüň kynçylyklary we garaşylmadyk maliýe çykdajylary köpden bäri garaşylýan syýahat üçin päsgelçilik bolar. Özüňize, birinji nobatda, hormat goýmagy başaryň. Maksatlaryňyza has aňsat ýetmäge, täze hyzmatdaşlary gazanmaga mümkinçilik berýän alçaklygyňyz, özüne çekijiligiňiz ýokarlanar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün özüňizi dürsäp, täze güýç-kuwwat alarsyňyz. Sungat adamlaryna bu gün uly ylham geler. Üstünlik size garaşýar. Bu gün köp islegleriňizi amala aşyryp bilersiňiz. Gündelik, adaty işler sizi halys ýadadar. Bu ýagdaý bolsa, köp döwlet işgäriniň durmuşyny kynlaşdyryp biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün güýçli işjeňlik, bedenterbiýe üçin amatly. Ýüze çykyp biläýjek päsgelçiliklere garamazdan, işe girip, maddy ýagdaýyňyzy gowulaşdyryp, ýakyn adamyňyz bilen gatnaşyklary ýola goýup we berkidip bilersiňiz. Jaýa uly üns bermek we möhüm söwdalary amala aşyrmak maslahat berilýär.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Gowy gün. Hyzmatdaşlykdaky meseleler wagtyň geçmegi bilen çözüler we ýitirilen şadyýanlygy we deňagramlylygy täzeden alarsyňyz. Ýakynlaryňyz bilen baglanyşykly gowy habarlara garaşyň. Daş-töweregiňizdäki adamlara üns berseňiz, olarda täze häsiýetleri taparsyňyz. Özüňe we ýakynlaryňa bolan ynam keýpiňize oňyn täsir edip biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün duýgularyň täzelenmegi, täze işleriň başlangyjy, janlylygyň, energiýanyň ýokarlanmagy bilen tapawutlanýar. Şowsuzlyklaryň soňy geler. Durmuşyňyzda üýtgeşiklik etmek islärsiňiz. Howandarlaryňyzyň täze teklipler we dostlaryňyzyň size goldaw bermegi mümkin. Bu meseläni yza süýşürmäň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün, täze hünäri özleşdirmek üçin güýçli işjeňlik görkezmek amatly. Meýilnamalaryňyzy täzeden gözden geçirip bilersiňiz. Islendik maliýe goldawy üçin arzalaryňyz bu gün tassyklanyp bilner. Bu gün döredijilik bilen meşgullanýanlar üçin has amatlydyr. Seresaplylygy görkeziň, aşa öňe gitmäň. Sabyrly bolsaňyz, maksadyňyza ýetmäge mümkinçilik taparsyňyz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama