Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 01-njy dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallaryň durmuşynda täze energiýa döreýär. Işde öňdäki maksatlaryňyzy has anyk görýärsiňiz, şonuň üçin häzirki mümkinçilikleri sypdyrmazlyk möhüm. Täze teklipler, özüňizi görkezmäge mümkinçilik berýän işler ýüze çykyp biler.Maliýe meselelerinde töwekgelçilikli ädimlerden gaça durmak maslahat berilýär. Duýgularda bolsa hyzmatdaşlygyň we düşünişmegiň möhümdigini unutmaň ýakynlaryňyzyň goldawy size ruhlandyryjy täsir eder.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu gün durnukly hem netije berijidir. Işde dogry hereket etseňiz, öňde goýlan meýilnamalaryňyza ýetip bilersiňiz. Bu gün beriljek resmi gepleşikler, duşuşyklar, aragatnaşyklar gowy netijeleri berer.Maşgala gatnaşyklarynda rahatlyk höküm sürýär. Güniň ikinji ýarymynda maliýe taýdan üýtgeşmeler bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün täze habarlar, döredijilikli pikirler we teklipler sizi ruhlandyryp biler. Şeýle hem gürrüňdeşlikler, gepleşikler, taslamalar boýunça möhüm ädimleri etmeli bolarsyňyz.Dost-ýarlaryňyz bilen aragatnaşyk güýçlener. Güniň ikinji ýarymynda öz saglygyňyza üns bermegi unutmaň dynç almak hem zerurdyr.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin bu gün möhüm meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşmak, çözgüt tapmak üçin iň gowy pursatlaryň biri. Işiňiz bilen baglanyşykly gowy habarlar bolup biler.Maşgala gatnaşyklarynda rahatlyk güýçlener. Ýakynlaryňyzyň size bolan mähri we goldawy psihologik taýdan güýçlendiriji täsir eder. Saglygyňyz boýunça ownuk meseleleri ünsden düşürmäň.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Iş ýeriňizde size täze jogapkärçilik berlip bilner ýa-da möhüm kararlar kabul etmeli bolarsyňyz. Mümkinçilikler köp ýöne olar bilen dogry gatnaşyga girmek wajypdyr.Duýgy ugrundan bolsa, berk sözleşikler we emosional ýagdaýlar bolup biler. Ünsli boluň, pikirleriňizi düşnükli beýan etmäge çalyşyň bu gatnaşyklarda parahatçylygynyň açary bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleleriň bu gün üstünlikli hem döredijilik taýdan baý bolýar. Işde ünsüňizi talap edýän meseleleriňizi çözüp bilersiňiz. Näçe köp tertipli hereket etseňiz, şonça gowy netijä ýetersiňiz.Şahsy durmuşyňyzda ownuk jedelleri aradan aýyrmak üçin amatly gün. Yza çekilen meseleler baradaky gürrüňleri parahatçylyk bilen çözmegiňiz mümkin. Saglygyňyza üns beriň yzygiderli dynç almak peýda getirer.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlaryň güni dürli duşuşyklara, gepleşiklere we aragatnaşyklara baý geçer. Täze tanyşlyklar peýdaly bolup biler, öňki gatnaşyklary dikeltmek hem mümkin. Resmi işleriňiz hem ýeňil geçer.Şeýle hem güniň ikinji ýarymynda emosional taýdan hem güýçli bolarsyňyz.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün işiňizdäki mümkin bolan kynçylyklary ýeňip geçip bilersiňiz. Üstünlikleriňiz ýolbaşçylaryň ýa-da töweregiňizdäki adamlaryň ünsüni çeker.Maliýe taýdan akylly we sabyrly ädimler üstünlik getirer. Duýgy gatnaşyklarynda bolsa ýakynlaryňyzyň goldawy sizi ruhlandyrar.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Täze maksatlara başlamak, täze ugurlary öwrenmek we syýahat bilen baglanyşykly işler boýunça hoş habarlar almagyňyz mümkin.Duýgy taýdan durnuklylyk bolar. Günüň dowamynda özüňizi güýçli duýarsyňyz. Ähli zat ýerbe-ýer bolar we täze mümkinçilikler açylar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bugünkü gün jogapkärçilikli we çynlakaý geçer. Işde öňe gidişlik gazanmak üçin möhüm gürrüňler, duşuşyklar bolup biler. Hemme zady çynlakaýlyk bilen kabul etmegiňiz size üstünlik getirer. Güniň ikinji ýarymy maliýe taýdan durnukly gün bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin döredijilikli pikirler we täze başlangyçlar üçin amatly gün. Işiňizdäki täzelikler sizi ruhlandyryp biler. Täze taslamalara girişmekden çekinmäň netijesi has gowy bolar.Dostlar bilen gatnaşyklaryňyz öňküsinden güýçlener.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün size işde sabyrlylyk talap edýän ýagdaýlar bolup biler.Günüň ikinji ýarymy döredijilikli işler üçin has amatlydyr.Duýgularda parahatçylykly atmosfera höküm sürer. Ýakynlaryňyz bilen düşünişmek ýeňilleşer. Saglygyňyzda bolsa özüňize artykmaç ýük almaň.
