Ýurdumyzda maldarlaryň yhlasy bilen saryja we garaköli tohumly dowarlarmyzyň baş sany ýyl geçdigiçe köpelýär. Şeýle hem bolsa dowardarçylygyň güýçli depginde ösdürilmegine, goýunlardaky dürli keseller, aýratyn-da mugthor keseller örän uly zyýan ýetirýärler. Goýunlaryň mugthor keselleriniň arasynda senuroz (dälireme) keseli dowardarçylykda örän köp ykdysady zyýan ýetirýänligi üçin, oňa aýratyn uly üns bermekligi talap edýär.
Senuroz (başgaça, “dälireme” ýa-da “pyrlanma”) keseli Multiceps multiceps atly sestodalaryň Coenurus cerebralis diyilýän liçinkalary zerarly döreýär. Bu kesel esasan goýunlara, geçilere we gara mallara köp degýär. Seýrek halatlarda ol beýleki görnüşlere degişli haýwanlara-da hat-da adamlara-da ýokuşyp biler. Häzirki wagtda onuň 50 töweregi adama ýokuşanlygy bellidir. Bu mugthoryň ömri definitiw we aralyk hojaýynlaryň bedeni bilen baglanşykly geçýär. Onuň definitiw hojaýyny bolup, esasan, itler, aralyk hojaýyny bolsa önüm berýän haýwanlaryň hemmesi diýen ýaly hyzmat edýärler. Senuralar soňky hojaýynlaryň kelle beýnisinde, seýrek ýagdaýlarda oňurga (bil) ýiliginde mugthorlyk edýärler we ösýärler. Senuralar kepderi ýumurtgasynyň ululygyndaky, içi dury suwuklyk bilen doly bolan düwme (haltajyk) görnüşli bolýar. Olaryň içinde mugthorlaryň skoleksleri hem bolýar.
Senuroz bilen iki ýaşa çenli ýaş mallar keselleýär. Ol özüne mahsus bolan alamatlar görnüşinde geçýär. Bu keseliň geçişinde 3 döwür bolýar. Onuň birinji döwri ýokuşandan soň 15-20 gün dowam edýär. Bu döwürde mugthor içki synalaryň we gan aýlanyş ulgamyň üsti bilen beýnä baryp ýetýär we ösüşini dowam edýär. Şunlukda keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp ugraýar. Mallar gorkak bolýarlar, olaryň damarlary çekip, birden-birden, çalt-çaltdan maksatsyz hereket edip başlaýarlar, hiç bir zada üns berenoklar we ş.m. Şeýle alamatlar 2-5 gün dowam edip, soňra ýok bolup gidýärler. Bu senurozyň ýiti geçýän döwrüne mahsusdyr. Şu döwürde mallaryň köpüsi ölýärler, ölmän galanlarynda bolsa keseliň alamatlary ýuwaş-ýuwaşdan ýitip ugraýar we guzular ilkinji durkuna gelýärler. Mallaryň senurozynyň ýiti görnüşinden ölmekligi olaryň umumy saglyk ýagdaýyna bagly bolýar.
Senurozyň ikinji döwri 2-6 aý dowam edýär. Bu döwürde senura düwmeleriniň emele gelmekleri we ýuwaş – ýuwaşdan ulalmaklary bolup geçýär. Keseliň alamatlary bildirenok. Guzularyň daşky görnüşi göräýmäge sagdyn bolýar. Şondan soň senurozyň üçünji döwri başlanýar we mallaryň saglygy ýaramazlaşýar. Senuralar dowarlaryň ruhy dünýäsine agyr zarba urýarlar. Bu ýagdaý beýni ýiliginiň atrofiýasy (işlemezligi) hem-de ruhy näsazlyklaryň döremekleri netijesinde ýüze çykýar. Keselli mallar otdan-suwdan ýüz öwürýärler, gidip maňlaýyny bir zada direýärler, duran ýerlerinde kelle beýnisiniň haýsy ýarymyna zeper ýetenligine baglylykda ters öwrülip (pyrlanyp) başlaýarlar. Olaryn hereketi bozulýar. Käbir goýunlar kellesini arkan zyňyp, öňe ýa-da yza okdurylýarlar, gözleri kütelýär ýa-da gapylýar. Olar horlanýarlar, ysgyndan gaçýarlar, wagtyň köpüsini ýatyp geçirýärler soňra ölüme sezewar bolýarlar. Senurozyň bu üçünji döwri 1-2 aý dowam edýär.
Senuroz daşky alamatlary boýunça bilinýär. Bu alamatlar aýratynam keseliň üçünji döwrüne mahsusdyr. Bu keseli goýunlaryň estrozyndan tapawutlandyrmak gerek. Senurozyň alamatlaryndan tapawutlulykda, estrozda mallaryň burnyndan iriňli ýa-da ganly suwuklyk (sümük) gelýär. Dowarlaryň bu bökelek keseline olaryň hyžžyldap dem almaklary, çalt-çaltdan pyşgyrmaklary mahsusdyr. Keseliň alamatlary boýunça senurozy anyklamak kyn däl. Senurozyň alamatlarynyň bildirmeýän we mallaryň öz semizliklerini entek ýitirmedik ýagdaýlarynda keselli mallary ýüze çykarmak üçin, köptaraplaýyn anyklaýyş çärelerini geçirmek maslahat berilýär. Şu maksat bilen allergiýa, gözüň düýbüni we biloňurga ýiliginiň suwuklugyny barlamak usulyndan peýdalanmak gerek (Ronžina, 1953 ý.; R.Ş.Taýmazow 1962 ý.). Beýni senurozy dine hirurgiýa ýoly bilen bejerilýär. Senurozyň öňüni almak üçin eýesiz itleri ýok etmeli, öý, hojalyk we gulluk itlerini yzgiderli barlap we degelmintizirläp durmaly. Senurozdan ölen ýa-da bu kesel sebäpli mejbury ýagdaýda soýulan mallaryň kellesini ýakmaly ýa-da çuň çukura gömmeli. Itler bilen iş salyşylanda arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli.
Häzirki wagtda bu keseliň öňüni almak üçin senuroza garşy waksinany döretmeklik hünärmenleriň öňünde goýlan meseleleriň biri bolup durýar. Şu maksat bilen uniwersitetimizde halypa mugallymlarmyzyň ýolbaşçylygynda bu keseliň öňüni almagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça ylmy iş ýöredilip zähmet çekilýär. Biz hem Hormatly Prezidentimiziň bile bildirýän ynamyny ödäp, döredip berilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp zyýankeşlere garşy göreşip, olaryň öňüni almaklyk boýunça ýakyn günlerde netijeli işleri geçirjekdigimize ynanýarys.
Daýanç Reýimow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.
