SIZDEN GELENLER

Zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň adam saglygyna peýdasy        

Türkmeniň zegärçilik sungaty hem halyçylyk, atçylyk, binagärçilik sungaty ýaly gadymydyr.Türkmen zergärleriniň ussatlyk, nepislik bilen ýasalan şaý-sepleri diňe bir türkmenistanlylaryň däl eýsem, daşary ýurtly myhmanlaryň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän ajaýyplyklaryň biridir. Zergärler tarapyndan

Halkymyzda zergärler diňe bir gelin-gyzlar üçin şaý-sep ýasaman, saglyk bilen bagly hem birnäçe bezeg şaýlaryny ýasapdyrlar. Gadymy çeşmelerde bu barada beýan edilipdir. Şolardan birnäçesine üns bereliň. Bedeniňe duz ýygnan adamlar gök reňkli daşlar bilen bezelen  guşak dakynypdyrlar. Gan aýlanyşygy bozulanlara merjen we ýakut daşlary bilen bezelen bilezik dakynypdyrlar. Bagry agyrýanlara almaz, pöwrüze, merjen, dag çüýşe daşyny, zümmeret, lagyl bilen bezelen şaý-sepleri dakynypdyrlar. Gözi agyrýanlara içine sadap daşy atylan suw bilen gözüňi ýuwmagy maslahat beripdirler. Süýji kesel bilen kesellänler dür, zümmeret, hakyk daşy bilen bezelen şaý-sep dakynypdyrlar. Ýantar daşy halk lukmançylygynda zob, ýokanç kesellere garşy şeýle-de sarygetirme kesellerini  bejermekde peýdalanypdyr. Gadymy Hytaýda gün dogan çagy zümmeret daşyna seretseň gözüň  görejini gowulandyrýandygyna, kähalatda  bolsa katarak göz keselini bejermäge ulanypdyrlar. Ata-babalarymyz dynç alýan otagyny gök reňkli daşlar bilen bezapdirler. Içmäge ýaramsyz suwa kümüş teňňe atylanda suwuň düzümini arassalaýandygyny has gadymy döwürlerde hem bilipdirler. Lukmanlaryň aýtmagyna göra, altyndyr, kümüşden, ýasalan şaý-sepleriň günüň adam üçin zyýanly şöhlesini yzyna serpikdirme ähmiýeti uludyr. Öňden gelýän däbe görä täze dünýä inen çaga çileden çykarylanda hem çile suwuna kümüş teňňe atylýar. Ýaş çatynjalara nika gyýylanda ellerine kümüş teňňe berilmeg, olaryň halal, päk ýürekli, rysgall-döwletli bolmagy arzuw edilýän ýagşy ynançlardyr.

Türkmen zergärleri tarapyndan sünnälenip ýasalan şaý-sepler halkymyzyň öwüşgine baý äleminiň bir bölegini düzýär. Muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirýän milli şaý-sepler synlanyň hakydasynda hemişelik orun tutýar. Zergärleriň gözelligini goşalandyrýar. Bezeg şaýlarynyň köpüsi ynsanyň çagalyk, ýetginjeklik, jahyllyk, orta ýaş, gojalyk ýaly ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutlyp ýasalypdyr.Enelerimiz perzent dünýä inen gününden başlap, onuň ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin ulu aladalar edipdirler. Gyz perzentlerine niýetlep ýasalan gulakhalkasyny dakypdyrlar. Çaga ýörjen-ýörjen bolup ilkinji ädimlerini ädip ugranda bolsa, oňa gotazlyja kümüş jaňjagazly alaja dakypdyrlar.Şaý-sepleriň özlerine mahsus ady bolupdyr. Türkmen gyzlary gupba, gülýaka, saçmonjuk, kökenli ýüzük, bilezik ýaly, gymmatbaha şaý-sepleri dakynypdyrlar. Gelinleriň hem özlerine mahsus şaý-sepleri  maňlaýlyk, çapra-çaňňa, gursakça bolupdyr. Orta ýaşdan geçen zenenlaryň bezeg şaýlary hem özboluşly aýratynlary bilen tapawutlanypdyr.Olardan düwmeli gulakhalka, topbularyň maňlaýlyklary, heýkeller, uly gülýakalar ýaly şaýlary görkezmek bolýar. Ussat halypalaryň elinden çykan zergärleriň ýasan şaýlary biri-birinden inçeden gözelligi, berkligi bilen tapawutlanypdyr. Halk arasynda şaý-sep ruhubelentligi ýol açýar diýen dana söz bolupdyr. Üns berip synlasaň şaý-sep dakynan bedew atlar hem galkynjaklap, seýkin basyp başlaýar.

Türkmen zergärleri şu sungatyň üsti bilen özleriniň  gelin-gyzlaryny boýdan başa bezäpdirler. Şaý-sepleri dakynmak ýeňil bolmandyr. Durşuna owaz bolup duran şaý-sepler gaty usullylygy, ykjamlygy, asyllylygy talap edipdir.Sähelçe artykmaç hereket edilende olar her bir adamyň ünsüni özüne çekipdir. Şonuň üçin türkmen gelin-gyzlarynyň oturyp-turuşlary özlerini alyp barşlary asyllyga we edeplilige ýugrulypdyr. Türkmenleriň zergärçilik sungaty özleriniň köp görnüşliligi, şekilleriniň biri-biri bilen utgaşdyrylmagy, bezelişi we nagyşlary bilen beýleki halklaryňkydan örän tapawutlanýarlar. Zergär öz işinde sünnäläp tebigatyň haýwanlarynyň giňden beýan edipdirler.

Zergäriň her bir işine şeýle çeperçilik bilen ýasaýyşlaryna uly baha berlipdir.Türkmenlariň zergäçilik önümleri Türkmenistanyň halk dörejiliginiň klassyky mirasydyr. Zergärçilik sungaty özboluşly, syrly ajaýyp dünýä, bu sungatyň çuňluklaryna aralaşasyň gelýär. Ata-bablarymyz kümüşden ýasalan şaý-sepleri dakynmagyň peýdalydygyna ynanypdyrlar. Şaý-sepe otyrdylan gymmatbaha daşlaryň adamyň ykbalyna, ýaşaýyş durmuşyna meşgul bolýan işine, jan saglygyna amatly täsir edýändigi öňden mälim. Şeýle baýlyklarymyzy aýap saklamak dikeltmek dünýä ýaýmak babatda düpli döwlet syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen mirasymzyň sarpasy belende galýar. Olar häzirki bagtyýar durmuşymyzyň gözelligine gözellik goşýar.

TÄZEGÜL ÖWEZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri