Türkmen halkynyň şeýle bir aýratynlygy bar – ol hemişe öz zenanlaryna uly sylaşyk, hormat bilen garapdyr. Gyz-gelin mertebesi, abraýy, gözelligi barada irki döwürlerden bäri köp aladalar edipdir. Olary naçar diýip dürli howplardan gorapdyr, başynyň täji, depesiniň tugy, mukaddes ojagyň ody diýip hasap edipdir. Gyz-gelinlere bagyşlap goşgular goşup, aýdymlar aýdypdyrlar, dürli gymmat bahaly şaý-sepleri ýasap sowgat beripdirler. Olary has-da owadan, ýakymly bolmagy üçin zer bilen bezäpdirler. Şoňa görä-de, zenanyň mertebesi, abraýy onuň edep-ekramy, agraslygy, wepalylygy we ýene-de birnäçe hil-häsiýetleri bilen kesgitlenýär.
Häzirki döwürde zenan baradaky alada döwlet tarapyndan ygtybarly amala aşyrylýar. Zenanlaryň il-ýurt bähbitli hyzmatlary, erkekler bilen bir hatarda egine egin berip döwlet ähmiýetli işleri bitirmegi bu gün adaty ýagdaýa öwrüldi. Şeýle zenanlaryň keşbi bize nusga bolup Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly romanynda janlanýar. Ondaky beýan edilýän wakalar, ajaýyp işler eneleriň, ejeleriň işeňňir gatnaşmagynda bolup geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” atly kitabynda şeýle setirler bar: «Ogulbäbegiň keşbinde ol birden üç sany zenanyň – özüne ömür beren ejesiniň, onuň durmuşyna söýget bolan enesiniň hem-de şu durmuşda bary-ýogy bolan söýgüli aýalynyň keşbini görýärdi. Olaryň keşbindäki-häsiýetindäki, edim gylymlaryndaky, hatda seslerindäki umumylyklary özüçe belleýärdi. Ol ejesiniň, enesiniň, aýalynyň öňündäki öz borjy barada, olary bagtly etmek barada, gör, nähili az pikir edipdir. Mukaddes ojagyň ody, öýüň açary, maşgalanyň diregi, erkek kişiniň abraý-mertebesini goraýan aýal ahyryn! Gör, ol kim eken! Ol nesil dörediji!»
Romanyň ilkinji sahypalarynda Enebaý ejäniň keşbi janlanýar. Onda: – “Anna serdar, buşluk, ogluň boldy!” – diýip hoş habar bilen gelen zenan barada “Enebaý eje bu goh-galmagala oýanyp, ýorganlarynyň üstünde oýaly-ukuly gözlerini owkalap oturan Aba bilen Ýusupberdä: – Balalam, ogul jigiňiz boldy! – diýip, lak atdy-da, täze dogan çaganyň sesi çasly çykýan tama tarap döndi” diýen ýaly setirleri Enebaý ejäniň mähirli hem mylakatlydygyny bize mälim edýär.
Anna aganyň öz mähriban ejesine bolan uly hormaty barada romanyň ilkinji sahypalarynda beýan edilýär: “Kakasy ir wepat bolansoň, ejesiniň sesýetimdäki öýüne öňkülerinden has köp gatnady. Gapyda basylyp goýlan odun ýene iki ýyla ýetjegem bolsa, ejesiniň gapysyna ýene dört düýe ojar düşürtdi”.
Üç ýaşly Berdimuhamedi enesi Hesel eje ýekesiremesin, oňa höwür bolsun diýip, ýanyna iberipdirler. “Mähir-mylakatly, mähek ýaly çagajyk enesiniň iň söýgüli agtygy bolup galdy” diýen sözler Hesel ejäniň agtyjagyna bolan söýgüsiniň, mähir-muhabbetiniň beýanydyr. Eseriň dowamynda körpeje Berdimuhamediň ilkinji okuwa baran güni, sowat öwrenmäge we öwretmäge höwesli pursatlary, oňa Hesel ejäniň uly goldaw bilen gatnaşmagy jikme-jik, uly tolgunma bilen beýan edilýär. Bu wakalarda balasyna hamrak türkmen enesiniň ruhundaky aladaçyllyk, mähir-muhabbet açylýar.
Romanda enäniň myhmansöýerligi, sylaşyklylygy, öz ojagynyň bitewiligini, mizemezligini, sarsmaz binýadyny, onuň mirasyny ykjam goramak häsiýetleri hem giňişleýin beýan edilýär. Elbetde, kümüş saçly enelerimizden görelde alnyp özleşdirilen bu asylly edim-gylymlaryň türkmen zenanlarynyň hemmesine mahsus milli aýratynlykdygy öz-özünden mälimdir.
Şeýle asylly göreldeden gözi ganan zenan Berdimuhamediň aýaly Ogulbäbegiňem eliniň açyklygy, onuňam çagalary açlyk belasyndan halas edýändigi, il-günüň ajysyny-süýjüsini deň çekişip bilýändigi, mähremligi barada-da romanda getirilýän mysallaryň sany az däl. Ogulbäbegiň oňat gylyk-häsiýetleriniň biri-de onuň ynsanperwerligidir.
“Berdimuhamet mugallym sapakda haýsydyr bir çaganyň açdygyny duýsa: “Hany, pylany jan, maňa şu kitaplary öýe eltiş” diýer. Öýe gelenden soň, elmydama yşarata düşüş Ogulbäbegiň öňlerinde goýan naharyny bile iýer. Çaga munuň üstesine mugallymyň “köp sag bolsunynam” alar”. Şeýle setirleri okanyňda bir zada haýran galýarsyň – mugallym hünärini ele almazdan beýle ussatlyk bilen çaga terbiýesine goşant goşýan adamlar nähili derejede kämil hem beýik bolmaly. Olara bu ukyp Hudaý tarapyn berlen bolsa gerek. Hut şeýle ynsanperwer hereketler baradaky pähim-paýhasly setirler hormatly Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň “Haýyr-sahabat işi baradaky” Kanunynyň kabul edilmegine getirendir.
Romanda Berdimuhamet Annaýewiň durmuşynda bolup geçen özgerişikler, öz maşgalasy, maşgaladaky aragatnaşyklary barada giňişleýin beýan edilýär: “Şeýle mähriban, şeýle mylaýym, şeýle edep-ekramly gelne duşanyna Berdimuhamediň öz gursagynda iki ýürek urýan ýaly, boýy iki esse ösen, kuwwaty iki esse artan ýaly bolupdy. Ogulbäbek hakyky türkmen zenanynyň nusgasydy” – diýen ýaly setirlerde türkmen zenanyna bolan buýsançly, mähirli garaýyşlar beýan edilýär. Pikir şeýle dowam edýär: “Adamsynyň öz işine nähili maýyldygyna doly göz ýetirensoň, ol maşgalanyň aladasyny doly öz gerdenine aldy. Özem muny bildirmän, hemme zat öz-özünden bolup duran şekilde edip bilýärdi”, bu ýagdaýa jogap edip “Öz öýüň, öz ojagyň, öz maşgalaň mährine ýetmek üçin ýüregiň hemişe atygsap durmagynyň nähili bagtdygyny Berdimuhamet hemişe syzýardy. Islegiňi heniz aýdyp ýetişmänkäň bilýän, her bir hereketiňe düşünýän mähriban aýaly Berdimuhamediň bedeniniň we kalbynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülipdi. Bu gün oňa onsuz ýaşan öňki günlerini göz öňüne getirmegem kyn. Ol asla getirjegem bolanok” – diýen setirleri okanyňda bolsa maşgala tutumynyň nusgasyny görýärsiň, türkmen zenanynyň maşgalada tutýan mizemez, çäksiz gadyr-gymmatly ornunyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Biz, pedagoglar, öz okuwçylarymyza şeýle setirleri okap bermek bilen maşgala mukaddesligi, maşgalada zenanyň orny, onuň abraýy –mertebesi, mizemezligi barada gürrüň berýäris.
Beýik watançylyk urşy ýyllarynda ýurtdaky harby ýagdaýa garamazdan, çagalary okatmaly, olara bilim bermeli bolany üçin Berdimuhamet Annaýew ýediýyllyk bilimi bolan aýal-gyzlary mugallym edip işe alýar. Berdimuhamet Annaýewiň gyz çagalaryň bilimli bolmagyna aýratyn üns berýändigi we bu pikiriň ýolbaşçylar tarapyndanam goldaw tapandygy barada aýtmak gerek. “Özüniň çagalara bilim bermekde mugallymyň eýeleýän orny, çagalary, aýratyn-da gyzlary okuwa doly çekmek, okuw baradaky pikirlerini Berdimuhamet, köplenç, Aşgabat oblast halk magaryf bölüminiň müdiri bolup işlän Hanow bilen paýlaşardy”. Uruş ýeňiş bilen tamamlandy. Şol ýyllarda nesil terbiýesi bilen berk meşgullanan zenanlar öz wepalylygy, ygtybarlylygy, kynçylyklardan gorkman çeken zähmeti baradaky wakalaryň beýany diňe mugallymlara däl, eýsem mukaddes ojagyň eýeleri bolan zenanlara ilkinji nobatda, degişli bolsa gerek.
Ak saçly enelerden başlap gülüň gunçasy ýaly gyzjagazlara uly hormat hem mähir bilen garaýan Gahryman alym Arkadag Prezidentimize dünýäniň ähli gowulyklaryny arzuw edýäris! Goý, mähriban halkyna ajaýyp eserleri peşgeş berýän Milli Liderimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin!
Aýjemal RAHIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.