SIZDEN GELENLER

Zenan

“Zenan” – bu sözde örän giň many bar. Şeýle seredäýmäge bu sözüň eýesi fiziki taýdan ejiz, elmydama goldawa mätäç  ýaly görünýär. Aslynda bolsa ol güýçli, ukyply, jogapkärçilikli, başarjaň, näzik hem mähriban ynsan. Zenan maşgala ýa biriniň gyzy, ýa uýasy, ýa gelni, ýa ýanýoldaşy, ýa dazýasy, ýa ejekesi, ýa gaýyny ýa-da ejesidir. Bu rollaryň ählisi şol bir wagtyň özünde hem juda ýakymly hem-de örän kyn. Geliň bularyň käbirine aýratynlykda Merýemiň mysalynda seredeliň.

Eger-de Merýem durmuşda kimdir biriniň gyzy roluny ýerine ýetirýän bolsa, onda ony ejesi-kakasy erkeleýändir, ezizleýändir. Belki-de olar käte Merýeme  çalaja gatyrganýandyrlar, käýeýändirler. Ýöne bu gatyrganmanyň, käýinjiň hem aňyrsynda olaryň gyz perzedine bolan söýgüsi, öz gyzjagazyny ýaman dillerden, gözlerden, umuman bet niýetli ynsanlardan goramak aladasy ýatyr ahyryn. Elbetde, Merýem ol aladanyň manysyna entek düşünmez. Çünki oňa düşünmek üçin ol duýguny öz başyňdan geçirmek gerek, “ene-ata” bolmak gerek. Häzirlikçe ol öz paýyna düşýäne kanagat etmeli bolar. Merýem, jigim seniň paýyňa bolsa seni şeýle alada edýän ene-ata sylag-hormat, olaryň abraýyny oňarsaňa galdyrmak, iň bolmanda peseltmezlik düşýär.

Türkmenlerde bir nakyl bar. “Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn, Gyz uýasy bolsa-da, gyzyl ýüzi solmasyn”. Hawa, uly ýa-da kiçi bolsun gyz doganyň bolmagy elbetde gowy zat. Ýöne, gowy bolşy ýaly jogapkärçilikli tarapy hem bar. Merýem, jigim, agaly bolanyň üçin sen nesibelisiň. Ol seni göýä film gahrymany ýaly hemmelerde goraglar. Sen onuň üçin gül-gülüstanlygyň içindäki iň owadan, iň hoşbaý ysly gül ahyry. Şol güli tupandyr-ýelden, her  geçeniň gözünden goramak üçin doganyň tutuş dünýäni garşysyna almakdan hem gaýtmaz. Bu roluňda saňa nakylda hem aýdylyşy ýaly öz erkek doganlaryň ýüzüni gyzartmazlyk, abraý mertebesini kiçeltmezlik düşýär.

Merýem, indi bolsa seni bir maşgalanyň gelni diýeli. Türkmen maşgalasynda gelin bolmak hem bir sungatdyr. Ýüwürji, baldyz, ekeji, gaýyn aga, elti, gaýyn ene, gaýyn ata bular seniň täze maşgala agzalaryň we özüňizem nätänyş. Birinji tanyşlykda kiçijik zatlaram ýatda galyjy we täsirli bolýar. Maşgala agzalarynyň ählisi bilen mylakatly, ysnyşykly gatnaşykda bolmaklygy başarsaň, ol seniň üstünligiň. Bu rolda saňa kiçiräjik maslahatym täze maşgalaňy keseki bilme. Olary edil öz gyzlyk maşgalaň ýaly hasap et. Ýanýoldaşyň doganlaryny doganyň, ene-atasyny öz ene-ataň bil. Diňe şeýle düşünje bilen hereket edeniňde käbir kemçiliklerem öz-özünden ýok bolup gider. Onsoňam türkmen halky myhmansöýer halk. Gaýynlar, daýydyr-daýzalar, ýegendir-çykanlar häli şindi gelip durar. “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy” diýlen sözden ugur alda olary güler ýüzli garşyla! Mylakatly bol! Gelen adam öz rysgy bilen gelýändir, alada etme. Eliňden geldigiçe hezzet hormat et!

Ýyllar boýy arzuw-hyýaly bilen ýaşan ýaryňa duşup, durmuş guran bolsaň Merýemjan sen ýene bir gezek nesibelisiň. Çünki dünýäde näçe ynsana öz saýlap, söýen ýaryna durmuşa çykmak nesip edýärkä, oýlanyp gör? Ýöne, indi seniň jogapkärçiligiň has-da artar. Birinjiden bellemeli zat sen mundan öň bir maşgalanyň ar-namysy, abraý-mertebesi bolan bolsaň, indi ol dereje iki esse ýokarlandy. Ýagny, indi  seniň “Plan agalaryň gelni” diýen adyň bar. Köpçülikdäki her bir hereketiň bilen iki maşgala zyýan hem ýetirip bilersiň, abraý hem. Ikinjiden bolsa käbir üýtgeýän ýagdaýlar bar, indi sen diňe bir söýgüli ýar däl-de gelin bolduň. Söýgüniň esasy synagy indi başlanýar. Gelinlik roluň bilen bir hatar-da söýgüli ýar roluňy hem saklap bilseň (elbetde ol diňe saňa bagly däl) onda siziň söýgüňiziň päkligidir. Bir öýde ýaşamak bilen adamyň ähli hüý-häsiýetine belet bolup başlaýarsyň. Mundan öň seniň gözüňe kemsiz görünýän, özüňe bir almany ikä bölen ýaly meňzeş hasaplan ynsanyňda kemçilikler, seniň häsiýetiňe ters gelýän hereketler peýda bolup başlar. Köplenç ýagdaýda bu zatlar täzeden döremeýär, ýöne näme “söýgüniň gözi kör” diýlen bir gürrüň hem ýöne ýere däl ahyry. Şeýle bolandan soň Merýem seniň üçin durmuşyň iň esasy synagy indi başlanýar. Öňüňe gelen ilkinji kynçylykda öýke edip, goşuňy ýygnap ejeň öýüne gaýdaýsaň sen utularsyň. Her ädimiňi has-da oýlanşykly ätmegiň gerek. Seniň durmuş toýuň habaryny eşiden wagty “Ýegenjigim toý edýärow, bagty bolgaý”, “Körpe jigimiň bagty bolsunda” diýip dileg eden daýydyr-daýzalary, agadyr-ejekeleri, iň esasy hem eje-kakaňy ýatdan çykarmaly dälsiň. Seniň bagt toýuň tutuljagyny eşideninde ýürekden begenen ynsanlar, maşgala ojagyň bozuljagyna-da ak ýürekden gynansalar gerek. Öz ýanyndan iň gowy tanaýan, gatnaşyp ýören maşgalasyna gyzyny berende-de ene-ata görgüli alada edýär ahyry. Şu zatlary bilip durup sähel-mähel kynçylykda olaryň ýüregini ýerliksiz agyrtsaň, entegem çagalykdan saýlanman derrew “eje” diýip ylgap barsaň seniň gadyrbilmez boldugyň bolar. Seni şu ýaşa getirýänçä-de uly azap çeken ene-ata beýle agyr derde laýyk däl ahyry. Eje-kakamyz iň gowy habarlara, sowgatlara mynasyp ahyry.  Ähli kynçylyklary ýeňip, maşgala ojagyňy saklamak bu rolda seniň iň esasy borjuňdyr.

Gaýynene, bu ada ýetmegi, ogluny öýerip gelin edinmegi her öý bikesi arzuw edýän bolsa gerek. Merýem dogan bu roluň hem özüne ýetik aýratynlyklary bardyr. Eger-de sen köpçülikde dostlarynyň, klasdaşlarynyň ýanynda diňe öz perzendiň tarapyny tutýan bolsaň gelniň ýanynda bu hereketi biraz üýtgetmeli bolar. Indi diňe öz ogluň däl-de, gelniň hakynda hem alada etmeli bolar. Çünki sen indi gelniňem ejesi, hossary bolmaly. Onuň hem bir enäniň perzendidigini unutmaly dälsiň. Täze gelen geline täze öýde özüni ýeke-ýalňyz duýmaga mümkinçilik bermeli dälsiň. Men öz gözüm bilen görenimden soň aýdýan, jemgyýetimizde diňe türkmen diliniň sözlüginde ýanýoldaşyň ejesine “gaýynene” diýilýändigi üçin gaýynene diýäýmeseň, gelnini öz gyzyndan aýyrmaýan, ony öz perzendi ýaly alada edip, söýgüleýän, “eje” diýmäge mynasyp gaýyneneler hem bar. Merýem, senem şeýle gaýynlardan bolarsyň diýip umyt edýäris.

Eje, megerem durmuşyň bu roly hakynda diňe ol ada eýe bolanyňdan soňra ýazmak mümkin bolsa gerek. Bu  juda çylşyrymly, ussatlyk talap edýän, ýöne şonuň bilen birlikde ýer ýüzüniň ähli zenanlarynyň ýerine ýetirmek isleýän roly. Hawa, eje bolmak aňsat däl. Muňa garamazdan ol ynsana bagt beriji duýgy. Merýem dogan bu rolda sen ýadarsyň, işiň köp bolar, jogapkärçiligiň artar, her hepde yzygider tomaşa edýän gyzykly filmleriňdir gepleşikleriňden ýüz öwürmeli bolarsyň, ýeri geler aşpez, tikinçi, mugallym hat-da lukman  bolarsyň. Belki-de gijeleri ukysyz geçirmeli bolarsyň, ukysyzlykdan, ýadawlykdan gaharjaň bolarsyň. Ýakyn joraň toý eder, sen körpäňi iki-üç sagatlap seredere hiç kim ýoklugy üçin bu toýa gidip bilmersiň. Işiň köplüginden wagtly-wagtynda naharlanyp bilmersiň. Käte körpejigiňe täze eşik almak üçin özüňe täze köýnekdir ýaglyk, köwüşdir torba almakdan ýüz öwürmeli bolarsyň. Şulara meňzeş nogsanlyklar bu rolda sanardan kändir. Ýöne welin, bu kynçylyklaryň ählisi ady agzalýan körpejäniň ýekeje ýylgyryşy, “Ejeee” diýen mylaýym sesi bilen ýok bolup gider. Seniň dünýäňe gyş güni bahar geler, güller açar. Ýadawlyk, gahar el bilen aýyrlan ýaly bolar. Eger sen gullukçy bolsaň işden soňra öýe ýetmäge, körpejigiňi gujaklamaga howlugarsyň. Ähli işiňi bir gyra goýup bar wagtyňy balajygyňa sarp edersiň. Hernäçe ýadaw hem bolsaň, onuň arassa howada gezelenje çykarsyň, oýun oýnarsyň. Ähli işleriňi bolsa körpejigiň uky wagtyna goýarsyň. Bu roluň gowy taraplaryny beýan edere söz ýetmese gerek. Şonuň üçin hem Merýem saňa bu rolda ullakan üstünlikler dileýärin.

Ýokarda beýan edenlerime seredenimizde zenanyň haýsy roluny alsak hem juda bir aňsat däl. Hersiniň özüne ýeterlik kynçylyklary we üstünlikleri bar. Şeýle-de durmuşda bu rollar elmydama ýeke-ýekeden berilmeýär ahyry. Diýmek biziň durmuşymyzda gürrüň edilenlerden-de çylşyrymly wakalar bolup biler. Öz maşgalamyz, ýakynlarymyz üçin ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelmek biziň zenanlyk borjumyzdyr. Gadyrly okyjy, “näme üçin zenan bolmak beýle kyn?” diýip pikir etmegiňiz mümkin. Belkide hut şonuň üçin hem zenanlar, eneler mukaddeslige, baýdaga deňelýändir, “Gahryman ene”, ”Mährem ene” ýaly hormatly atlar hem diňe zenanlara dakylýandyr.

Laçyn Mirabowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika