SPORT

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji ýarymyna badalga berildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň ikisi geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” “Merw” bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Oýun gününiň beýleki duşuşygy Türkmenbaşy şäherinde geçirilip, onda ýerli “Şagadam” topary paýtagtymyzyň “Köpetdagyndan” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň 24 utugy bolan “Arkadag” topary birinji orny eýelemegini dowam edýär. 17 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Köpetdag” degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyry 5-nji awgustda “Nebitçi” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen jemlener. Bu tapgyrda geçirilmeli “Energetik” bilen “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk başga senä geçirildi.

***

10-njy tapgyryň duşuşyklary:

 “Şagadam” – “Köpetdag” – 0:1

Gol: 19 Şamämmet Hydyrow (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 89 Farhad Italmazow, 90+3 Wekil Kadyrow (“Şagadam”) – 52 Serdar Baýramow, 85 Wepa Mammaýew, 90+5 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

***

 “Aşgabat” – “Merw” – 2:2

Gollar: 12 Bäşim Gurbanberdiýew, 45+2 (11 m.j.u.) Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”) – 11 Şamämmet Agamämmedow (öz derwezesine), 60 Murat Ýakşiýew (“Merw”)

Duýduryşlar: 42 Begmyrat Arbatow (“Aşgabat”) – 36 Şazada Bäşimow, 45+1 Toýly Goçmyradow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:    

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   «Arkadag» 8 8 0 0 31-7 24
2.   «Altyn Asyr» 8 5 2 1 17-6 17
3.  «Köpetdag» 9 5 2 2 12-11 17
4.  «Nebitçi» 8 5 1 2 11-8 16
5.  «Aşgabat» 9 4 1 4 13-14 13
6.  «Şagadam» 9 2 1 6 6-16 7
7.  «Merw» 9 1 3 5 8-15 6
8.  «Energetik» 8 2 0 6 5-16 6
9.  «Ahal» 8 1 0 7 5-15 3

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler