SIZDEN GELENLER

Ýurdumyzda ýene-de bir bilim ojagy döredilýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýylsaýyn ösüp-özgerip, ykdysady taýdan ösýän döwletleriň hatarynda dünýäde giňden ykrar edilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, häzirki zaman ylmy bilen ýüki ýeten ýaş hünärmenleri ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki sport desgalarynda, çagalar baglarynda we dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde işler üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlaryň sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin döredilen iň oňat mümkinçiliklerdir.

Ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy hem-de olaryň kämil hünärmenler bolup, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin mümkinçilikler döredilýär.

Şonuň üçin hem ýurdumyzda bilim ojaklarynyň sany yzygiderli artdyrylyp, kämil bilimli ýaş hünärmenleriň sanynyň artdyrylmagy ugrunda giň tagalla edilýär.

Ýene-de sanlyja ýyldan ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynyň hataryna ýene-de bir bilim ojagy goşular. Olar hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi bolar. Bu barada hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi.

Telekeçilik pudagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridir. Hususy ulgamyň wekilleri bilim, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport ugurlary boýunça hem netijeli işleri alyp barýarlar, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny edýärler. Ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça giň möçberli taslamalary amala aşyrmak ynanylýar. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň, çagalar baglaryň, sport toplumlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygyna gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini  hususy telekeçiligiň ösdürilmegi  arkaly hem artdyrmak baradaky tagallalary raýatlaryň şahsy başlangyçlaryny, döredijilik ukybyny goldamak bilen, bazar gatnaşyklarynda bäsleşige ukyply harytlaryň, hyzmatlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagyna, goşmaça iş ýerleriniň döredilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki  hususy ulgamyň ösdürilmegi önüm öndürijileriň özara bäsleşip işlemeklerine, hil taýdan ýokary görkezijä eýe bolmagyna, bazar bolçulygynyň we täze iş orunlarynyň döremegine, eksport mümkinçilikleriň ýokarlanmagyna, jemi içerki önümiň öndürilişiniň artmagyna hem-de dünýä bazarynda ýurdumyzyň öz ornuny pugtalandyrmaga  uly ýardam edýär. Täze dörediljek bilim ojagy hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşjak ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagyna giň mümkinçilik döreder.

Babajan Seýdullaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-telekecileri-taze-sertnamalar-baglasdy/

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika