Ýurdumyzda oba hojalygynyň pileçilik bilen meşgul bolýan pudagy düýpgöter täze döwre gadam basdy. Dokma senagaty pudagy üçin gymmatly çig mal bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Her ýyl ýurdumyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler.
Pile öndürmek dokma senagaty üçin örän gymmatlydyr. Guradylan pileler fabriklerde gaýtadan işlenip, çig ýüpek öndürilýär. Pileden ýüpegiň çykmagy 30-35 göterime barabardyr. Ýüpek kelepleýji fabriklerde öndürilýän çig ýüpek fabrikleriň çig mal gory bolup durýar. Ýurdumyzda ýüpekçilik gadymy senetleriň biridir. Durmuşda ýüpek bilen baglanyşykly meňzetmeler hem az däl. Mysal üçin, “Ýüpek bilen ýüňi garma”, “Gülüň gunçasy ýagşy, ýüpegiň-inçesi” diýen aýtgylar bar. Ýüpek dokmaçylygynyň halkymyzyň gadymy senetleriniň biri bolandygyna dürli taryhy çeşmeler, ýurdumyzda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri şaýatlyk edýär. Ýüpek hakynda halk döredijiliginde hem duş gelinýär. Ýüpek mata we ondan beýleki önümleri öndürmegiň, aýratynam nepis haly dokamagyň syrlary asyrlarboýy nesilden–nesle geçip gelipdir.
Häzirki wagtda ýylyň ýylyna ýurdumyzda pile öndürmegiň möçberini artdyrmak ugrunda tagalla edilýär. Geçen ýyl ýurdumyzda 2100 tonna pile taýýarlanan bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda 2300 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 2022-nji ýylda 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 440 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutuldy.
Şamyrat Gulow, TOHU-nyň talyby.