BIZNES

Yrak Türkmenistandan tebigy gaz import etmegi meýilleşdirýär

Yragyň hökümeti Türkmenistandan tebigy gazy impert etmek meselelerini maslahatlaşmak üçin komitet döretdi.

– Ýurduň elektrik energetika ministriniň aýtmagyna görä, hökümet komitet döretmek kararyna geldi, bu komitetiň düzüminde elektrik energetika ministriniň önümçilik boýunça orunbasary, Elektrik energetika ministrliginiň geňeşçisi, Nebit ministrliginiň wekilleri orun aldy, olar Türkmenistan bilen gaz geleşiginiň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşar – diýip, Yragyň habarlar gullugy habar berýär.

Bu komitetiň tebigy gazy import etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar.

Ýurduň import edýän tebigy gazynyň esasy bölegi elektrik stansiýalaryň işi üçin sarp edilýär, olar hem Yragyň günorta böleginde ýerleşýär. Bu elektrin stansiýalary umumylykda, bir günde 7000 megawat töweregi elektrik toguny öndürýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder