TEHNOLOGIÝA

Ýokary tizlikli täze uçar

“Boom” kompaniýasy täze ýokary derejeli uçar modelini hödürledi. 88 ýolagçyny kabul etjek döwrebap model 2021-nji ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrar. Döwrebap uçar Nýu-Ýorkdan London şäherine 3,5 sagatda baryp ýeter. Häzirki wagtda uçýan uçarlar bu aralygy 9 sagatda geçýär. Uzak aralygy has-da ýakynlaşdyrýan bu uçara “Baby Boom” diýip at berdiler. “Boom” kompaniýasynyň esaslandyryjysy bu uçary tanyşdyryş dabarada oňa gatnaşyjylara şeýle ýüzlendi.

  • “Biziň esasy maksadymyz uzak ýollary ýakynlaşdyrmakdan ybarat” — diýip, belläp geçdi.

“Boom” 2014-nji ýylda esaslandyrylan tehnologiýa kompaniýasydyr. Kompaniýa esasan hem awiýasiýa işlerini amala aşyrýar. Häzirki wagtda kompaniýada birnäçe sany döwrebap uçaryň taslama işleri alnyp barylýar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi