TEHNOLOGIÝA

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Fransiýada geljegiň otlusy tanyşdyryldy. Iki gatly ýokary tizlikli otly düzümi sagatda 350 kilometr tizlige ýetip biler.

Bu ugurda ilkinji otly gatnawy 2024-nji ýylda ýola goýlar we 10 ýylyň dowamynda ýurduň ähli ýerini gurşap alar. Bu otly düzümi bilen gatnawlaryň esasy ugry Fransiýanyň öz içinde bolar. Soňlugy bilen bu ugurdaky gatnaw uugurlary halkara derejesine çykarmak meýilleşdirilýär.

Geljegiň otlusy 740 adamy kabul etmek mümkinçiligine eýe bolar. Ýöne onuň sygymyny artdyrmak mümkinçiliginiň hem bardygy aýdylýar.

Related posts

Elektrikli ulaglarynyň sany 7,2 milliona ýetdi

“Twitter” toruny iň köp ulanýan döwletler

Ata Watan Eserleri

Kosmosa ilkinji raýat uçuşy meýilleşdirilýär