SIZDEN GELENLER

Ylym-bilim – ösüşleriň açary

Bu gün Watanymyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri bütin dünýä üçin nusgalykdyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler ulgamyň mundan beýläk hem sazlaşykly ösdüriljekdigini aýan edýär.

Ylym hem-de bilim ulgamlarynda döwür we dünýä bilen aýakdaş hereket etmek ösen döwletleriň alyp barýan syýasatynyň iň möhüm ugrudyr. Çünki ylmyň ähli ulgamlara ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ösüşi has berk binýada eýe bolýar. Ine, şol ugur ösüşli menzilleriň netijeli bolmagyna esas bolýar.

Ýurdumyzyň ähli bilim edaralary bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerinde hem bilim berlişi sanly tejribäniň esaslary bilen birlikde sazlaşykly alnyp barylýar.

Watanymyzda ylma hem-de bilime berilýän uly ünsüň, belent ähmiýetiň many-mazmuny her ýyl giňden bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň, şeýle hem Ylymlar gününiň özboluşly öwüşgininde öz beýanyny tapýar. Ylym ulgamyna berilýän ähmiýet, ýaşlaryň ylym dünýäsine içgin aralaşmaklaryny gazanmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşiklerde-de aýdyň görünýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikdäki şeýle çäreleri zehinli ýaşlara giň şert-mümkinçilikleriň döredilmeginde ajaýyp ädimdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ylym-bilim edaralary döwrüň iň soňky gazananlary bilen kämil bilim bermegiň döwrebap ugurlaryna, internet ulgamyna eýe boldular. Ylmyň dürli ugurlary boýunça toplanan maglumatlar gory, çap edilen makalalar, okuw kitaplary we ylmy işler baradaky maglumatlar ylmy we merkezi kitaphanalaryň üsti bilen okyjylar köpçüligine elýeterli edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy edaralarda, ylmy-barlag institutlarynda bilim ulgamynyň netijeliligini artdyrmakda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyna degişli maglumatlary sanly ulgamyň kömegi bilen öwrenmäge şertleriň döredilmegi bolsa, diňe bir dünýä ylmynyň gazananlaryny peýdalanmak we zerur bolan maglumatlary toplamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzdaky bolup geçýän täzelikleri, ylmy ösüşleri dünýä ýaýmaga-da itergi berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwletli özgertmeleri esasynda Watanymyzda ylym-bilim ulgamlarynda täze özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak, onuň netijesinde ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan belent sepgitlere ýetirmek, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginde pudaklaryň, kärhanalaryň, oba hojalyk, saglygy goraýyş, ylym, bilim, nebitgaz, energetika we durmuşyň beýleki ugurlaryny belent derejelere çykarmak baş maksat edilip goýuldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bize täze üstünlikler, belent sepgitler garaşýar. Bilim ulgamynda hem öňde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmek, ýaş nesliň ýokary derejede döwrebap bilim-terbiýe almagy, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin täzeçil usullary tejribä ornaşdyrmak mugallymlaryň öňünde durýan möhüm wezipedir, döwrüň talabydyr.

 Durdynyýaz Derýagulyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ummanlar-we-denizler-barada/

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri