BILIM

Ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlyk

12-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameliniň uniwersitetiň rektory O.Öwezsähedow bilen ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Ilçi iki döwletiň Baştutanlarynyň alyp barýan dost-doganlyk we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini bellemek bilen, gelejekde hem BAE-niň Türkmenistan bilen durmuş-ykdysady ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi baradaky meseleler boýunça durup geçdi we Türkmenistanyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň taýýardygyny nygtady. Şonuň ýaly-da, Ilçi BAE-niň “emeli aň” arkaly ösmegiň tejribesini doganlyk döwletler bilen paýlaşmak isleýändigini mälim etdi.

Ýokary okuw mekdebiň rektory O.Öwezsähedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, “Açyk gapylar” syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasatynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürip, dünýa ýurtlary bilen ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hem-de dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk saklamak babatda Ilçi Ahmed Al Haý Al Hameliniň teklibi üçin sag bolsun aýtdy.

Ilçi Ahmed Al Haý Al Hameli we rektor O.Öwezsähedow iki döwletiň Baştutanlaryna döwletara gatnaşyklarynda, şol sanda ylym-bilim babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary