BIZNES

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasy tassyklandy

Sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, hödürlenen Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli ýolbaşçylara kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

Ýanwar-noýabr aýynyň makroykdysady görkezijileri

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary