Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny elektroenergetika, nebit-gaz toplumy, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşlere eýe boldy. Şunuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýetler döredildi.
Ogulşat Geldiýewa,
Türkmenistanyñ Daşary işleri ministrliginiñ
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniñ talyby.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda teleýaýlym hyzmatdaşlygy