Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde gadymy türkmen topragynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hakda söhbet açmak biziň üçin örän ýakymly. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem gysga taryhy döwrüň içinde asyrlara barabar işler bitirildi, täze, döwrebap obalardyr şäherçeler guruldy. Etrap merkezleridir obalarymyz gözel keşbe beslenip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter ýokarlandy, sebitiň senagat pudagynyň kuwwaty artdy.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap kärhanalaryň üsti yzygidelri ýetirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär, diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň dowamynda 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdirilýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, ýaňy-ýakynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha beýgälýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda her biri ýylda bir million tonna önüm öndürýän Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi gurýan, döredýän hem-de gurply döwletleriň birine öwrülen ata Watanymyzyň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynanly goşulýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin olaryň döwlet satyn alyş bahalary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Üstümizdäki ýylda zähmetsöýer daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir.
Şeýle hem pagtaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen, Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna «ak altynyň» tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürildi.
Bu gün eziz Watanymyzyň dürli künjegi uly gurluşyk meýdançasyna öwrülip, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, şäherçeleri, dürli maksatly binalar bilen has-da gözelleşýär. Geçen ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanmaga berlen, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk ägirt uly taslamadyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilen «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu babatda senagat marketingini, halkara bazarlara çykmagyň, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak baradaky tabşyryklary möhüm ähmiýete eýedir. Bu gün ýurtda ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklary – gurluşyk serişdeleri, ýeňil, himiýa, elektron senagaty döredilýär, pugtalandyrylýar. Bu işlerde, esasan, ýerli çig maly hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmakdan ugur alynýar. Ahal welaýatynda ýurduň gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik kuwwatynyň köp bölegi jemlenendir, sebitde daş owradyjy-sortlaýjy, çagyl we ýuwlan çäge öndürýän önümçilikler, kerpiç zawody, metallurgiýa zawody ýaly desgalar bu ugurda bar bolan kuwwatlyklaryň düýpli berkemegine itergi berdi.
Bilşimiz ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Bu halkara forumyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden habar berýär. Sebäbi biziň ýurdumyzda maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu bolsa Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň, işewür düzümleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, geçirilen bu maýa goýum forumynyň ykdysady, durmuş taýdan sazlaşykly ösüş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek.
Ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy ekologik abadançylygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan zawod-fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik talaplara laýyk gelmegini gazanmak babatda anyk işler ýerine ýetirilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işi tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, energiýa tygşytlylygyny hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş maksatly ulanylýan önümleriň galyndylaryny dolandyrmak, ekoulgamlary gorap saklamak ýaly anyk ugurlar boýunça amala aşyrylar.
Milli ykdysadyýetiň ähli ulgamyna öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, maliýe-ykdysady ulgamyň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Häzirki döwürde milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatynyň üpjün edilýändigini, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda düýpli işleriň yzygider amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.