BIZNES

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň başlygy bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Buharest ş.) A.Annaýewiň Horwatiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary, hökümetara Türkmen-Horwat bilelikdäki toparyň horwat tarapynyň başlygy jenap Goran Romek bn duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň esasy mowzugy, şu ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hökümetara Türkmen-Horwat Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy.

Taraplar Hökümetara toparyň geçiriljek duşuşygynyň iki ýurduň arasynda özara peýdaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orna eýe boljakdygy bellendi. Şu nukdaýnazardan A.Anaýew işewürlik forumlaryny geçirmek tejribesini dowam etdirmegi, şeýle hem Aşgabatda Horwatiýa kompaniýalarynyň we Zagrebde türkmen önümleriniň söwda we ykdysady sergilerini guramagy teklip etdi.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli üns berildi. Türkmen tarapy, Horwatiýa Respublikasynyň ajaýyp şypahanalary we täsin tebigy ýerleri bilen bütin dünýäde tanalýandygyny belläp, Horwat tejribesini öwrenmegi we degişli edaralar bilen ýakyn aragatnaşyk ýola goýmagy, şeýle hem iki ýurduň syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmagy teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we güýçlendirmek, täze geljegi uly ugurlara we taslamalara girmek baradaky özara gyzyklanmasyny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary