Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň öňüsyrasynda gurama agza döwletleriň işewürler düzümleriniň gatnaşmagynda iş’ewürlik duşuşygy geçirildi.
Ol Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sekretariaty tarapyndan guraldy. Işewürler forumy halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim bolmak bilen, YHG-niň agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylaryny, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerini, banklaryň we hususy kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Onuň işine Azerbaýjanda, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Tükriýeden 300-den gowrak wekiliýet, şeýle hem özbek tarapyndan hem 300-den gowrak wekiller gatnaşdy.
Forumda çykyş eden Özbegistanyň wise-premýeri Žamşid Hojaýew we ÝHG-niň baş sekretarynyň orunbasary Kaşif Zaman gurama agza döwletleriň hususy pudagynyň wekilleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatdaky çemeleşmelerine ýokary baha berdiler.
Işewürler forumynyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçirildi we onda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy.
Özbegistanda ertir geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Pakistanyň Hökümet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar ul-Hak Kakar we ÝHG-niň baş sekretary Husraw Noziri gatnaşar.
Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Pakistanyň Hökümet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar ul-Hak Kakar Özbegistana bardylar.
