MEDENIÝET

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigi geçiriler

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigi koronawirus pandemiýasyna garamazdan, 2021-nji ýylda geçiriler diýip, “BBC News” habar gullugynyň teswirçisi, aktýor Graham Norton habar berýär. Aktýor Graham bu çäräniň şu ýyl adaty görnüşde geçiriljekdigi, şeýle hem daşary ýurty aýdymçylaryň baýrakly orunlar üçin göreşjekdiklerini aýdyp geçdi.

Hat-da bäsleşigi gurnaýjylar pandemiýa sebäpli Niderlandrlaryň Rotterdam şäherine gelip bilmejek bäsdeşleriň çykyş ýazgylaryny ulanmaga rugsat berdiler.2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bu çäräniň gurnaýjylary, 2021-nji ýylda geçirmek üçin dört sany teklibini hödürlediler we bäsleşigiň görnüşi dünýädäki pandemiýa baglydygyny bellediler.

Bäsleşigiň senesi öň yglan edilipdi, onuň jemleýji tapgyry 22-nji maýda geçirmegi meýilleşdirilýär. “Ýewrowideniýe-2020” bäsleşigi koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylandygyny ýatladýarys.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri