Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary Komissary we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda boldy. Ýokary derejeli myhman “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşyk Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşmagynda geçirildi.
Bu duşuşykdan soňra metbugat ýygnagy geçirildi. “Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan metbugat brifinginde Kaýa Kallas duşuşykda Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, geljek hepde Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky ilkinji sammite görülýän taýýarlyklar, energetika, howpsuzlyk, suw çeşmeleri, ulag, söwda, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar barada pikir alşylandygyny belledi.
– Şu gün örän netijeli duşuşyklarymyz boldy. Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýanyň iň uly maýa goýujylarynyň biridir. Bu maýa goýumlar sebit üçin örän bähbitlidir. Hazar üsti ulag geçelgesiniň döredilmegi ugrundaky taslama munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi we halkara maliýe institutlary munuň üçin 10 milliard ýewro gönükdirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem duşuşykda howpsuzlyk ugrundaky meseleler boýunça pikir alyşdyk. Munuň bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda alyş-çalyş maksatnamalaryna seretdik. Merkezi Aziýadan has köp adamyň bu maksatnamalaryndan peýdalanmagy ugrunda tagalla edýäris – diýip, Kaýa Kallas metbugat ýygnagynda belledi.
Şeýle hem ýokary derejeli myhman metbugat wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Türkmen tebigy gazynyň Ýewropa iberilmegi, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada sowallar bilen ýüzlenildi.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary Komissary Ýewropa Bileleşiginiň energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini belläp, şol bir wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod energiýasy we geljegiň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak babatda hem degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.