BIZNES

Ýewropa Birleşigi Türkmen telekeçilerini gutlaýar

Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilýeti Türkmen telekeçilerini gutlaýar. Ýadyňyzda bolsa “Halal Dogan” hususy kärhanasynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Awstriýanyň Wena şäherindäki wekilhanasynyň goldaw bermeginde öz öndüren pomidorlaryny Wenanyň bazaryna çykarandygy baradaky habary orient neşirine salgylanyp saýtymyza ýerleşdiripdik.

Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilýeti özüniň Instagram hasabyndan Türkmen telekeçilerini gutlap şeýle diýdi:

Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilýeti Awstriýanyň Wena şäherine ilkinji gezek türkmen pomidorlaryny elten türkmen telekeçileriniň tagallalaryny we üstünliklerini goldaýar.

Ýewropanyň bazaryna girmek aňsat däl. Siz şol derejä ýeten bolsaňyz, onda siz iň ýokary standarlara laýyk gelýärsiňiz. Gutlaýarys!

Derelere dolan owazlar: Ilşat Annamämmedow

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary