Häzirki wagtda gündelik azyk önümlerimiziň bir bölegi bolan ýeralmany ösdürip ýetişdirmeklige we ondan bol hasyl almaklyga uly üns berilýär. Bu ugur bilen gyzyklanýanlarýeralmadan ýokary hilli we köp mukdarda hasyl almagy özleriniň öňünde wezipe edip goýýarlar. Öňde goýulan wezipelere ýetmek üçin ýeralma kada laýyk ideg etmek we ony talaba laýyk suwarmak zerur bolup durýar.
Kadaly boý almagy we ösmegi üçin ýeralma köp mukdarda ýokumly maddalary talap edýär. Onuň ösüş döwürlerinde organiki madda bolan dersiň örän uly orny bardyr. Munuň sebäbi, ders özünde ýokumly maddalary (azody, fosfory, magnini, kükürdi we ş.m.) hem-de mikromaddalary (bor, marganes, kobalt we başgalary) saklaýar. Şeýle hem ders topragy peýdaly mikroorganizmler bilen baýlaşdyrýar. Şorlaşan ýerlerde ekilen kartoşka dersiň berilmegi onuň duzlarynyň zyýanly täsirlerini gowşadýan ýeke-täk serişde bolup durýar. Ders toprakda çüýräp, ösümligiň iýmitlenmegi üçin gerekli kömürturşy gazy bilen ýapraklary üpjün edýär. Ol ýer almanyň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna we suwaryş suwlarynyň netijeli ulanylmagyna uly ýardam berýär.
Ýeralma ýarym çüýrän görnüşinde ders bermeklik netijeli bolar. Şeýle görnüşdäki ders 4-8 aýlap ýörite niýetlenen çukurlarda saklamak we onuň üstüne suw guýmak bilen emele gelýär.
Ýeralmadan ýokary hasyl almak üçin geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde onuň 1 gektaryna 20-30 tonna ýarym çüýrän ders, 85-102 kg azot, 70-110 kg fosfor, 50-60 kg kaliý dökünlerini bermeklik netijeli boljakdygy kesgitlenildi.
Ýeralmadan ýokary hilli hasyl almak üçin oňa kadaly suwuň berilmegi hem hökmandyr. Ol suwa talapkärligi bilen häsiýetlendirilýär. Suwarmak kartoşkaň hasylyna ýokary derejede täsir edýär. Bu işleri keşler arkaly we ýörite niýetlenen enjamyň kömegi bilen Gün dogmanka ýa-da agşamlyk geçirilýär.
Geçirilen tejribelere görä ýeralmanyň ösüş suwlarynyň arasy 5-6 gün bolanda gektardan alynýan hasyllylyk 145,4 s/ga, 9 gün bolanda 133 s/ga we 12 gün bolanda 86 s/ga çenli peselipdir. Bu ekini gijelerine suwarmak hem onuň hasyllylygynyň artmagyna uly täsir eder.
Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýeralmany 6-12 günden bir gezek suwarylýar. Ilki başda suwaryşyň aralary 7-8 gün, gunçalama döwründe suw has köp talap edýänligi üçin her 4-5 günden suw berilýär we her ösümlik üçin 12-15 litr suw sarp edilýär. Gülleýän döwründe kartoşka suwuň berilmegi onuň hasyllylygynyň 30% – çenli peselmegine getirer. Kartoşka gülländen soň kökjagazlar emele gelip başlaýar. Bu döwürde bolsa berilýän suwuň mukdary her bir ösümlik üçin 20 litre çenli artdyrylýar. Suw berlende keşlerden suw akyp duran wagty onuň öňüni böwetlemeli däldir. Topragyň gowy yzgarlanmagy we ösümligiň gowy suw içmegi üçin keşlerden suwy ýuwaş akym bilen akdyryp suwarmak özüniň gowy netijesini berer.
Göwherbibi Şaberdiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.
Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde ahalteke bedewlerinin waspy