SPORT

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

3-nji aprelde Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi badalgasyny alar.

Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçiriljek ýaşlar çempionaty dört aýlawdan ybarat bolar.

Uly toparlarda bolşy ýaly duşuşyklaryny öz meýdanynda hem-de myhmançylykda geçirjek ýaşlar düzümleriniň oýunlary uly toparlaryň geçirýän oýunlarynyň bir gün öňüsyrasy oýnalar.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm ýaşlaryň arasyndaky birinjilik Arkadag şäheriniň “Arkadag II” toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Bellik: Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň senenamasyny çap edýäris.

 

2026-njy ýylyň Ýokary liga futbol klublarynyň ýanyndaky ýaşlar (dublýorlar) toparlarynyň 

arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň Birinjiligine gatnaşýan toparlar

1. “ARKADAG II” futbol topary Arkadag şäheri
2. “Ahal II” futbol topary Ahal welaýatynyň Änew şäheri
3. “Altyn Asyr II” futbol topary Aşgabat şäheri
4. “Aşgabat II” futbol topary Aşgabat şäheri
5. “Nebitçi II” futbol topary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri
6. “Köpetdag II” futbol topary Aşgabat şäheri
7. “Şagadam II” futbol topary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri
8. “Merw II” futbol topary Mary welaýatynyň Mary şäheri

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi