SIZDEN GELENLER

Ýaşlar ýurduň geljegi : Baýragyň gutly bolsun!

Türkmenistan Watanymyzda  ýaşlaryň alýan bilimlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bäsleşikler gurnalýar. Şol bäsleşiklere ýaş talyplar şonuň bilen bir hatarda ussat ýaş zehinli mugallymlar şeýle hem, halypa mugallymlar hem gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň sylaglaryna mynasyp bolýarlar. Ine şol bäsleşikleriň biri hem, “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşigidir. Bu bäsleşik döredijilik işgärleriniň uly topary edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda geçirilýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormatly Prezidentimiz tarapyndan altyn zynjyrlar we pul baýraklary gowşurulýär. Ýurdumyzda medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri- suratkeşler ýazyjy-şahyrlar, bagşy sazandalar, aýdymçylar,  kompozitorlar, artistler türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň täze eserler bilen baýlaşmagyna hem-de kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu bäşleşige Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň mugallymlary we zehinli talyplary gatnaşyp, bäsleşikde ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Bu ýeňijileriň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň ýaş we zehinli mugallymy Guwanç Mämiýew hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyna mynasyp bolmagy başardy. Guwanç Mämiýewiň ýeňiji bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Şol maksat bilen Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynda aýdym-sazly dabara gurnaldy we “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri özleriniň mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Bu bäsleşigiň geçirilmegi her ýylda ýurdumyzda täze zehinleri ýüze çykarmaga, türkmen sungatyny we edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ýardam berýär. Şular ýaly asuda durmuşda okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Türkmenitanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň

“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň

mugallymy Aýgözel Ýazmuradowa

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika