SIZDEN GELENLER

Ýaş soganyň ähmiýeti we peýdalary

Ýaş sogan, Uzak Gündogarda döräp, Hytaýda we Ýaponiýada asyrlar boýy ösdürilip gelinýän ekinleriň biridir. Bu gök önüm sowuklamany bejermek, gözüňi gowulaşdyrmak, we dürli keselleriň öňüni almak üçin uly güýje eýedir. Käbir gözlegler ýaş (täze) soganlaryň holesteriniň derejesini peseldip, ýürek agyry we insult töwekgelçiligini azaldyp, antibakterial we antifungal häsiýetlere eýe bolup biljekdigini görkezýär.

Ýaş  sogan, ýetişmänkä ýygylýan sogandyr. Daýhanlar soganlary doly emele getirmegiň ýerine, ýaş wagtynda ýygýarlar. Raýatlar, beýleki tarapdan, ýaş soganyň peýdasy näme diýen sowalyň jogabyny derňeýän mahaly, ýaş soganlaryň haýsy keseliň peýdalydygyna gyzyklanýar. Tagam has ýumşak bolýar we görnüşi ýaly, bu olary doly ösen soganlara garanyňda has ýokumly bolýar.

Ýaş soganlary çorbalardan we naharlardan başlap, gowurma ýa-da kartoşka püresi ýaly islendik tagamlara kesip we sepilip iýilse ajaýyp lezzet berýär.

Ýaş soganlaryň peýdalary aşakdakylardyr:

Immun ulgamyny goldaýar

Gan şekerini kadalaşdyrýar

Düwnük keseliniň öňüni alýar. (Sogan, düwnük keseliniň öňüni alýan iýmitlere kwseretin diýilýär.)

Aşgazanyň aşagyna zyýanly bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýar we ýaralardan goraýar.

Ýürek keselleriniň döremek howpuny peseldýär

Ak böleginde A witamini köp.

Ýaşyl böleklerde C witamini köpdir.

 

Durdyýewa Ýazjemal

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

Kanada ýene-de çempion

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti