Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Çagalar mähriban Watanymyzyň buýsanjy we guwanjydyr. Güneşli Diýarymyzda tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. 1-nji iýun çagalar üçin diňe bir şatlykly baýramçylyklaryň biri bolman, eýsem, olaryň hemişe goraglylygyny, mähir bilen gurşalmagyny we ulularyň olar barada jogapkärçilik duýmalydygyny ýatladýan seneleriň biridir.
Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda, şäherdir obalarda gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zamanyň ähli talaplaryna laýyk gelýän çagalar baglary, orta bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepler, sport desgalary ýaş neslimiziň hyzmatynda.
Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, diňe bir Türkmenistanyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolanda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna-da hemaýat berilýär. Ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli çagalara yzygiderli üns berilýär. Bu çagalaryň döwrebap bilim almaklary, täze gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde saglyklaryny dikeltmekleri üçin döwletimiz tarapyndan uly tagallalar edilýär.
Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde talabalaýyk işler amala aşyrylýar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda zerur çäreler görülýär. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işler aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hereket edip başlan wagtyndan bäri gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 2021-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamynyň sowgat berilmegi bu düzümiň haýyr-sogaply işleriniň geriminiň barha giňelýändigine şaýatlyk edýär. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň aprel-maý aýlarynda hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzyň dürli künjeklerinde iri desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmagynyň çäklerinde, degişli lukmançylyk edaralaryna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary sowgat hökmünde gowşuryldy.
Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna, şeýle möhüm lukmançylyk enjamlaryndan paýly bolan düzümleriň hatarynda Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Bäherden etrabynyň hassahanasy, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi bar. Meşhur german kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamlary dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu enjamlar dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.
Ýaş nesilleriň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. Lukman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň saglygyny goramak arkaly sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatda alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Jahan Kurbanowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.