SIZDEN GELENLER

Ýaş binagärler we dizaýnerler bilen söhbetdeşlik

2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Aşgabadyň 140 ýyllygy giňden bellenip geçilýär. Şu şanly baýramçylyk mynasybetli 30-njy martda Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynda “AŞGABAT GÖZELLIGIŇ ŞÄHERI” atly ýaş binagärleriň we dizaýnerleriň işleriniň sergisi açyldy. Şol sergä gatnaşyp, okyjylarymyza Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binagärlik we dizaýn fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Näzik Potyýewa we Oguljemal Serdarowa  bilen gurnan söhbetdeşligimizi ýetirmegi makul bildik.

  • Näzik ilki bilen okyjylarymyza sergi barada aýdyp beräý!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde biz ýaşlara okamaga, döretmäge çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramalara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýyl hem ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guramaçylykly alnyp barylýar. Şonuň ýaly biziň Çeperçilik akademiýamyzda hem 30-njy martda “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly  serginiň açylyş dabarasy boldy. Bu sergä binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik ýadygärliginiň rejeleniş hünäriniň we binagärlik gurşawynyň dizaýni hünäriniň  talyplary öz taslamalary bilen gatnaşdylar. Biz bu sergide binagärlik işine degişli bolan taslamalary, ýagny Aşgabat şäherimizi bezejek ak mermer binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny işläp öz işlerimizi birinji gezek halk köpçüligine hödürledik. Şol täze işlenen taslamalaryň içinde meniň bilen birlikde talyp deň-duşlarym, ýagny fakultetiň 3-nji ýyl talyby Oguljemal Serdarowa, ýene şol fakultetiň 2-ni ýyl talyby Sapa Wepaýew dagyň işleri has şowly çykyp öňe saýlandy.

     Näzik siz öz işleriňizi ýörite tabşyryk boýunça ýerine ýetirýäňizmi?

Biz öz ugrumyza degişli bolan işleri okuw meýilnamasyna laýyklykda, ýyllyk işlerde tabşyryk boýunça şeýle hem okuwdan daşary öz hünärlerini kämilleşdirmeklik maksady bilen ýerine ýetirýäris. Biziň kafedramyzda alnyp barylýan taslama işler talyplaryň okuw ýyllaryna görä meýilleşdirilýär. 1-nji ýyl talyplaryndan başlap, 5-nji  ýyl tayplara çenli meýilnama esasynda sadadan we ýönekeý görnüşden çylşyrymly we has çylşyrymly görnüşlere çenli maksada laýyklykda  ýerine ýetirilýär.

Oguljemal siziňem ýerine ýetiren işiňiz bu sergide has şowly taslamalaryň biri hökmünde öňe çykdy. Öz täze taýýarlan taslamaňyz dogrusynda, onda çig mal hökmünde ulanan materiallaryňyz hakda maglumatlary okyjylarymyza ýetiräýseňiz!

Men öz taslama işimde, ýagny orta gatly ýaşaýyş jaýynyň maket görnüşini ýasadym. Bu işimde ulanan esbaplarymyň ilki bilen makedi üstünde ýerleşdirmek üçin 1.10x 0.75 sm ölçegde bolan agaçdan ýasalan planşet ulandym. Soňra bolsa, makediň ýerligi, ýagny gen planyny kompýuteriň kömegi bilen  Autocad we fotoshop programmalaryň üsti bilen ýerine ýetirdim. Ondan soň taýýar bolan  makediň ýerligini peçada berip, soň ony planşeta “ pad maketinga” ýelimiň kömegi bilen ýelimledim we ondan soň dürli ölçegde bolan bagjagazlar bilen ýaşyl meýdançalary agaçjykar bilen doldurdym. Meniň bu işimde futbol meýdançasy hem bolup, ony hem “forel” gözenekli plýonkanyň kömegi bilen ýerine ýetirdim. Onuň gapdalynda çagalar üçin niýetlenen meýdança ýerleşdirdim. Meýdançanyň gapdalynda bolsa, awtoulag duralgasyny ýerleşdirip, onuň içine taýýar oýnawaç ulaglaryny ýelimläp goýdym. Orta gatly ýaşaýyş jaýymy  ilki bilen kompýuteriň kömegi bilen Autocad programmasynda binanyň gapylarynyň, penjireleriniň beýikligini, inini ölçedim, soňra fotoshop programmasynda özleriniň bar bolan reňklerini berdim.Soňra “forel” hem-de ýelim, kagyz bilen orta  gatly ýaşaýyş jaýyny ýasadym. Her bir ýerine ýetirýän taslamamyň makedini kagyz batmany, kardon (sintrekis, foreks) şeýle-de aýnanyň hilini berip biljek ýaldyrawuk materiallary ulanýaryn.

– Tüweleme Oguljemal, şu ýerine ýetirýän taslamalaryňyzda  halypalyk eden size peýdaly maslahatlary beren mugallymlar barada hem  aýdaýyň!

Bize hünär ugrumyzdan sapak berýän halypa mugallymalarymyz her bir işimizde ýakyndan ýardam berýärler. Taslamany ilki bilen öz ideýamyz bilen taýýarlap, soňra halypa mugallymlara görkezýäris. Olar hem taslamanyň ýetmeýän ýerlerine ýa artygrak bolan ýerlerine düzedişleri berip, işiň has kämil bolmagyna öz goşantlaryny goşýarlar. Ýokary okuw jaýymyzyň ussat halypa mugallymlaryndan Ahmet Gulow, Gözel Gurbangylyjowa, Sanjarbek Ismaýilow, Aýjahan Orazowa ýaly işine ussat mugallymlar biz talyplara ýakyndan goldaw berýärler.

– Söhbetdeşligimiziň ahyrynda talyp hökmünde öňüňizde goýýan maksatlaryňy barada aýdaýsaňyz!

  Arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdunda okap bilim alýanlygymyz üçin begenjimiziň-buýsanjymyzyň çägi ýok. Şol edilýän aladalara jogap edip, meniň hem geljekde öňümde goýan maksadym hünärimi mundan beýläk hem kämilleşdirip,  ýurdumyzyň ösüşlerine şaýatlyk edýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän binagärlik taslamalaryny ýerine ýetirip geljegimize şuglasyny saçjak ajaýyp binalaryna öz goşandymy goşmakdan ybarat.

Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň Oguljemal, gürrüňdeşligimizi Näzigiň ýürek buýsançlary bilen tamamlaýsak!

Hormatly Prezidentimizi, Mähriban türkmen halkymyzy Aşgabydyň 140 ýyllygy mynasybetli tüýs ýüregimden gyzgyn gutlaýaryn. Bize şeýle ajýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymzyň jany sag başy dik bolsun. Tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

– Näzik, Oguljemal beren täsirli we gyzykly gürrüňleriň üçin sag bolsun aýdýarys. Size okuwyňyzda üstünlileri we şowlulyklaryň elmydama ýar bolamgyny arzuw edýäris.

 

Gülşat ÇETILIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.   

 

Jahan Tagyýewa: Medeniýet — kalbymyň sesi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi