MEDENIÝET

Ýälda baýramçylygy bellendi

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Ýälda baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede baýramçylygyň nyşanlary bolan önümler bilen ýörite saçak bezeldi.

21-nji dekabrda Eýranyň Medeniýet merkezinde geçirilen dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbahani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli, Ilçihananyň işgärleri, Türkmenistandaky eýranlylar we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş eden ilçi Ali Mojtaba Ruzbahani hemmeleri baýramçylyk bilen gutlap, Ýälda sözüniň manysyny taryhy we medeni çäre hökmünde düşündirip şeýle diýdi: “Ýälda” sözi “täzeden dogluş” we “doglan gün” manyny aňladýar we olaryň hem esasy sebäbi Günüň dogmagydyr. Ýälda diýilende, eýranlylar Ýälda gijesinden soň, günüň dogmagy bilen günleriň has uzyn boljakdygyna ynanýarlar.

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli öz çykyşynda hemmeleri ýylyň iň uzak gijesi bilen gutlap, şeýle diýdi: Çille ýa-da Ýälda gijesi gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar we hemişe taryhyň we siwilizasiýanyň dürli döwürlerinde bu gün baýramçylyk hökmünde bellenipdir we oňa degişli däp – dessurlar ýerine ýetirilipdir.

Ýälda baýramçylygyna bagyşlanan dabaraly çärede, pars dili öwrenijileri tarapyndan Ýälda hakynda goşgular okalyp, gülküli sahna ýerine ýetirildi. Çärede çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, ähli myhmanlara, dabara gatnaşanlara Ýälda baýramçylygyna degişli hödür– keremler edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri