MEDENIÝET

Ýadygärliklere bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk

Şu gün — 19-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar Döwlet muzeýindäki arheologik tapyndylaryň sergisine aýlanyp gördüler. Bu barada “Watan” gazetiniň elektron neşirinde bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň birinji bölümi «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022—2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli hoşallyk çykyşlaryndan, şeýle hem «Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy barlaglar we rejeleýiş işleri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyndan ybarat boldy.

Muzeýiň foýesinde geçirilen çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň, Türkmen döwlet medeniýet istitutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymlary, belli taryhçylar gatnaşdylar.

Çäräniň ikinji bölümi muzeýiň mejlisler jaýynda dowam etdirilip, onda «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygynyň umumy mejlisi geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barylýan arheologik gazuw-barlag işlerine bagyşlanylan wideorolik görkezilip, soňra çykyşlara giňden orun berildi. Ýurdumyzda belli taryhçylaryň çykyşlarynda Orta asyr ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-barlag we rejeleýiş işleri, ýadygärlikleriň aýratynlyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli arheologik hünärmenlerini taýýarlamakda sanly bilimiň orny barada giňden durlup geçildi.

Duşuşyga daşary ýurtly ylmy institutlaryň wekilleri, alymlar we arheologlar wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Duşuşygyň üçünji bölüminde ylmy duşuşyk bölümçelerde dowam etdirilip, çykyşlar edildi.

Duşuşygyň dördünji bölüminde bölümçelerde edilen çykyşlaryň hasabatlary diňlenildi. Şonuň ýaly-da «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi.

 

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy