Şu gün Kreml köşgünde Wladimir Putiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan girişdi. Şu ýylyň mart aýynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Wladimir Putin üçin wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasy geçirildi.
Russiýanyň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp berlen dabarada ilki bilen Russiýanyň döwlet baýdagy, Prezidentiň ştandarty, Russiýanyň Konstitusiýasy we Russiýanyň Prezidentiniň nyşany Uly Kreml köşgüniň Andreýew zalyna getirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda, dabara Federasiýa Geňeşiniň agzalary, Döwlet Dumasynyň deputatlary we Konstitusion kazyýetiň kazylarynyň gatnaşmagynda Wladimir Putin kasam kabul etdi. Konstitusion kazyýetiň başlygy Waleriý Zorkin Wladimir Putiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişendigini habar berdi.
Soňra Kreml köşgüniň meýdanynda Russiýa Federasiýasynyň goşun gulluklarynyň dabaraly ýörişi geçirildi.
Wladimir Putiniň wezipesine girişmek dabarasyna 2 müňden gowrak adam gatnaşdy. Olaryň hatarynda daşary ýurtlaryň Russiýa Federasiýasyndaky ilçileri hem bar.
