Welosport boýunça Aziýa konfederasiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Welosport federasiýasynyň başlygy Osama Al-Şafar Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär. Bu barada BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasy “Instagram” hasabynda mälim edýär.
Bu saparyň guramaçylygy baradaky meseleler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň we BAE-niň ýurdumyzdaky ilçisi Ahmed Al Hameliniň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda, taraplar şeýle hem, iki ýurduň arasynda ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeştmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň başynda BAE-niň “Al-Watba” welosport toparynyň wekiliýet agzalary ýurdumyzda saparda bolup, iki ýurduň arasynda sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
