JEMGYÝET

Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyryldy!

Ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň Watan harmanyna tabşyran guşgursak bugdaýynyň möçberi 1 million tonnadan geçdi. Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ýetilen bu sepgit oba zähmetkeşleriniň arzyly pellehana barha golaýlaýandygyndan, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryndan habar berýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 690 müň gektarda ýetişdirilen dokmaňyz ak bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almagy maksat edinen gallaçylar orak möwsümini depginli alyp barýarlar. Dünýä belli meşhur kompaniýalaryň «John Deere» hem-de «CLAAS» kysymly kämil tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli kombaýnlarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.

Orlan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara daşamakda ýük ulaglarynyň sürüjileri, kabul ediş nokatlaryna gelip, gallanyň hilini anyklamakda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

1 million tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý! Bu görkeziji daýhan azabynyň ýerine düşýändigini buşlaýar. Häzirki wagtda bugdaýly meýdanlaryň hasyly egsiler ýaly däl. Rysgal-berekedimiz bolan guşgursak bugdaýy soňky hoşasyna çenli ýygnap almakda ähli mümkinçilikler we şertler bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi