BILIM

«VILIPO-2023»: türkmen okuwçylary medally dolandylar

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary golaýda Litwanyň Wilnýus şäherinde geçirilen «VILIPO — 2023» atly halkara taslama bäsleşiginden dört medal bilen dolanyp geldiler. Olaryň ikisi altyn, ikisi bolsa kümüş medallardyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Halkara bäsleşige Türkmenistan, Litwa, Azerbaýjan, Bosniýa we Gersegowina, Kolumbiýa, Çehiýa Respublikasy, Germaniýa, Gana, Wengriýa, Indoneziýa, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kosowo, Makedoniýa, Mozambik, Nigeriýa, Katar, Rumyniýa, Tanzaniýa, Beýik Britaniýa ýaly, dünýäniň jemi 21 döwletine wekilçilik edýän okuwçylar tarapyndan 100-den gowrak taslama işleri hödürlenildi.

Bäsleşige Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň mugallymy Ahmet Ballyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzdan alty okuwçy gatnaşdy. Olaryň ählisi hem paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýarlar.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Şamuhammet Muhammedow bäsleşigiň baş baýragyna — altyn medala, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Mahmyt Mahmudow altyn, dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Orazgül Kulyýewa bilen Aýnur Begliýewa bolsa kümüş medallara mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov