SIZDEN GELENLER

Uzak ýaşamagyň syry

Biziň saglygymyz iň uly baýlygymyzdyr. Şonuň üçin baş baýlygymyzy goramaklyga we berkitmeklige aýratyn üns bermelidiris.

Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy. Halkyň saglyk ýagdaýy onuň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Bar nygmatdan ýeg saglygyň mazasy», «Altyn başym sag bolsa, altyn käseden çaý içerin», «Saglyk — baýlyk», «Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun», «Jany saga — günde toý» diýen ýaly ganatly jümleler, hakykatdanam, bar zadyň sakasynyň saglykdygyny ýene bir gezek äşgär edýär.

Saglyk barada alada ähli ýurtlarda hem öz möhüm ornuny eýeleýär. Dünýäde uzak ýaş dowamlylygy ýa-da uzak ýaşamak babatda Ýaponiýa öňdeligi eýelýär. Bu ýurtda uzak ýaşamagyň esays syry ol hem işjeň hereketdir.

Her bir yn­san ýa­şy­na ga­ra­maz­dan, he­mişe he­re­ket­de bol­­ma­ly­dyr. He­re­ket­li­li­giň adam be­de­ni­niň tap­lan­ma­gyn­da, ber­ke­me­gin­de äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Onuň ha­ta­ry­na be­den maşk­la­ry, py­ýa­da ýö­re­mek, suw­da ýüz­mek, yl­ga­mak, we­lo­si­ped sür­mek, gim­nas­ti­ka, ae­ro­bi­ka bi­len meş­gul­lan­mak ýa­ly gör­nüş­ler gir­ýär. Gün­de­lik he­re­ket­de bol­mak sag­dyn­ly­gy, işe ukyp­ly­ly­gy, ada­myň ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýçlendir­ýär. Fi­zi­ki maşk­lar be­de­ne di­ňe bir syr­dam­ly­lyk ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, iş­den, okuw sa­pak­la­ryn­dan soň­ky ýa­daw­ly­gy aý­ryp, sag­ly­gy ber­kid­ýär, dem alyş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Şeý­le-de be­de­niň çe­ýe­li­gi­ni, el-aýak myş­sa­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni, gan aý­la­ny­şy­gy­ny saz­la­ýar.

Ýaponiýanyň Okinawa adasynyň ýaşaýjylaryň 100 arka atan raýatlary ylgamak ýa-da dürli maşklary ýerine ýetirmeýärler. Olar köpräk ýöremek, ekinde işlemek ýaly hereketli ýagdaýda bolmaga uly üns berýärler. Şeýlelikde, uzak ýaşamagyň esasy endigi diňe hereketde bolmakda bolup durýar.

Şeýle hem olar dürli stresslerden daşda durmagyň tarapdary bolýarlar. Mundan başga-da, sagdyn iýmitlenmegi hem ünsden düşürmeýärler. Uly ýaşdaky adamlar 2500 ýyl mundan ozal konfusian mantrasynda bellenilip geçilen “Hara hati bu” ýörelgesini ýerine ýetirýärler. Ol hem haçanda aşgazan 80 göterim dolan halatynda iýmegi bes etmeli.

Umuman, uzak ýaşamagyň esasy endikleri hemişe hereketde bolmakdan we sagdyn iýmitlenmek kadalaryny berjaý etmekden ybaratdyr.

Serdar Akmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/balyklaryn-in-peydaly-uc-gornusi/

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika