ATAWATAN ESERLERİ

Üstünlikler- kämilligiň basgançaklary

Üstünlik-adam arzuwydyr. Adamlaryň arzuw isleginiň tapawutly bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Bir adamyň göwün söýen zady, öňünde goýan maksady başga bir adam üçin manysyz hem bolup biler. Syýahatçylygy ýa-da söwdany halaýan adam üçin alymyň himiýa laboratoriýasynda ömrüňi sarp etmegi bimany bolup biler. Ýöne şol himikler, alymlar öz ömrüni maksatlary ugrunda sarp etmedik bolsalar, onda häzirki döwrüň eşretleri kemala gelermidi?

Kämillik her bir adamyň öz durmuş ýolunda maksada ýetmegidir. Abraham Maslowyň mätäçlikleriň iýerarhiýasy nazaryýetine görä 5 basgançak maksatlar adamyň durmuşynyň akymyny ugrukdyrýar. Ilkinji iki basgançak fiziologik we ykdysady goraglylyk mätäçlikleriň kanagatlandyrylmagyny esas alýar. Iýmek, geýmek, binada ýaşamak ýaly fiziologik zerurlyklar, zähmet haky, pensiýa we goşmaça artykmaçlyklar ykdysady goraglylyk kepillendirilýär. Soňra sosial, ýagny durmuş zerurlygy gelýär. Dördünji tapgyrda hormat (status) mätäçligi ýüze çykýar. Piramidanyň iň ýokary nokady şahsy kämillige barýar.

Hünär kämilligi, türgeniň çempionlygy, kitabyň bestseller bolmagy we beýleki görkezijiler adamyň kämillik derejesini kesgitleýär. Bu yzygiderlilikler alym Abraham Maslowdan has öňräk, 18-nji asyrda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Don bolsa” diýen goşgusynda sada dil bilen giň manyly beýan edilýär.

Ten ýapmaga köýnek islär ýalaňaç,

Köýnekli diýr wah üstünden don bolsa.

Bäş pul diýip Hakdan dilär garny aç,

Bäşin tapan arzuw eder on bolsa.

Daşky dünýä gönükdirilen taslamalar adamy hem kämillige iterýän, hem-de beýleki adamlara, jemgyýete we ýer ýüzüne peýda getirýän işleriň hamyrmaýasy bolýar. “21-nji asyrda ýaşaýan adamyň intrawert bolup üstünlige ýetmegi mümkin däldir”- diýip psihologlar belleýär. Döwrümizde adamyň şahsy maksatlary daşky gurşaw bilen utgaşykly bolanda has ýokary netijelere alyp barýar. Ýaş nesliň ukyp başarnygyny açmaga, olary kämillige tarap ugrukdyrmaga ýardam edýän käbir faktorlary belläp geçmek ýerlikli bolar.

  • Wagty netijeli ulanmak ilkinji şert bolup durýar.
  • Saglygy goramak we berkitmek, dogluşdan hereketi çäkli bolan adamlaryň durmuşa baglanmagy adamyň maksada ýetmegini tizleşdirýär.
  • Ekstrawert bolmak, daşky gurşaw bilen ylalaşykly ýaşamak.
  • Ömürboýy öwrenmek döwrüň talabydyr. Harytlaryň ömür dowamlylygynyň gysgalyşy ýaly, hünär ussatlygy täze maglumatlary talap edýär.
  • Sanly dünýäden netijeli peýdalanmak geometriki ösüşi gazandyrýar. Biržada hereket edýän kompaniýalaryň paýnamalarynyň 30 ýylyň içinde nähili derejede ösendigini deňeşdirmek ýeterlik bolar.

“Yhlas bilen bir kämile gol bergen, ýeter bir menzile ýetmeýän galmaz” diýen Magtymguly Pyragynyň wesýetine eýerip, öz öňümizde goýan maksatlarymyz ugrunda yhlas bilen zähmet çekmek bizi maksatlarymyza we üstünliklere ýetirer.

Kerimguly GELDIÝEW

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri