SIZDEN GELENLER

Ulag ulgamynda guwandyryjy ösüşler

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu mö­hüm iş­ler­de ýur­du­myz­da san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da giň­den peý­da­lan­mak, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry mun­dan bu­ýa­na hem dur­mu­şa or­naş­dyr­mak esa­sy ugur­lar bo­lup dur­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len önüm­çi­li­ge in­no­wa­sion iş­läp taý­ýar­la­ma­lar giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ryn­da düýp­li ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na giň şert­le­ri dö­red­ýär. San­ly ul­gam ho­ja­lyk hem-de do­lan­dy­ryş iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­de has äh­mi­ýet­li bo­lup, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň gül­läp ös­me­gi­ne, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şeý­le­lik­de, döw­rüň öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň dur­mu­şy­my­za iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, işe­wür hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi has gi­ňe­ýär. Mu­ny biz dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry­na, şol san­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ýan hä­zir­ki döw­rün­de eýe bo­lun­ýan üs­tün­lik­le­riň my­sa­lyn­da gör­ýä­ris.

Sanly ulgamyň üstünlikleri ulag-aragatnaşyk ulgamynyň düzümlerinde hem dowam etdirilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, golaýda has takygy 3-4-nji maýda 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahaty we sergisi geçirildi.

Foruma dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekiliň gatnaşandygy, 100-e golaý duşuşygyň geçirilendigi hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekilendigi barada habar berildi. Iri halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, ugurdaş ulgamyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda biziň ýurdumyzyň halkara ylalaşyklara goşulmagy, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, milli ulag ulgamyny netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Hususan-da gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň ulag düzümleriniň sanlylaşdyrylmagy we beýleki IT ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli köp sanly ylalaşyklar bar.

Şol bir wagtda ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy hem özüniň üstünlikleri bilen tapawutlanýar. Golaýda, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň üçünji mejlisini gurady. Şonda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Bütindünýä ulag güni» döretmek boýunça Kararnamanyň pikir alyşmagy dünýä jemgyýetçiliginde biziň ýurdumyzyň başlangyçlaryna goýulýan hormatdan nyşandyr.

Umuman ýurdumyzyň ulag düzüminiň yzygiderli ösdürilýändigini, şeýle hem bu ugurda görnetin ösüşleriň gazanylýandygyny bellemek bolar. Muňa şu ýylyň 4 aýynyň netijeleri hem aýdyň subutnamadyr. Mälim bolşy ýaly, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 103,3 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 121,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 299,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 111,7 göterime deň boldy.

Ine, şu görkezijiler hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagyna ösrülen ulag düzümlerinde netijeli ösüşleriň gazanylýandygyny bellemek bolar.

Haýdar Gulamow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ekologiýa we umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri