Tutuş baýlygy, barja gaznasy –…… ybarat bolan adam…

Elbetde, sözbaşyny okasaň, birbada içgin oýlandyrýan bolmagy mümkin. Bir-de muňa “Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda we gaty uzaklarda bir gazany, bir käsesi, iki okarasy, iki haltasy we üç sany çanagy bilen bir garyp adam ýaşaýan eken” diýen sözlemi goşaýsak, edil jüpüne düşüp, erteki otarýana  meňzeýän ýalydyrys…

…Ýöne bu meseläniň erteki bilen asla baglanyşygy ýokdur. Muňa dil dünýäsiniň kartinasy diýilse, ýerlikli bolardy. Başgaça aýdylanda, bu kartinada türkmen diliniň kömegi bilen adamyň bedenindäki gap-gajaklar san taýdan beýan edilýär.

Aslynda adamyň düşünjesi, adamyň özi bilen, özüni gurşap alan tebigat dünýäsi (ösümlikler dünýäsi, haýwanat dünýäsi) bilen berk baglanyşyklydyr. Bu baglanyşygyň öwüşginli suratlary, enaýy şekilleri bardyr. Olary dilimizdäki sözleriň kömegi bilen görmek mümkin.

Dilimizde ulanýan sözlerimiziň surat çekme, suratlandyrma, şekillendirme, simwol we tymsal aňlatma, meňzetme, teswirleme ýaly gaty geň häsiýetleri bardyr. Söz bilen surat çekme özboluşly sungatdyr. Biziň geçiren ylmy gözegçiliklerimiz türkmen şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň bu ugurda baý tejribeleriniň bardygyny görkezdi.

Türkmen nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalyp “Daş era eýläp watan, daşwakga boldy Andalyp, toprakga bagryn basyp, gurbakga boldy Andalyp” [Andalyp, 1990] diýen setirlerinde haýwanat dünýäsinden alnan iki sany jandaryň (pyşbaga we gurbaga) üsti bilen watana, adama mahsus iki häsiýeti ýüze çykarypdyr. Bu nusgada pyşbaganyň üsti bilen watan, gurbaganyň kömegi bilen-de watan topragy tymsallaşdyrylypdyr. Pyşbaga watana mahsus bolan daşa ýazylan ýaly düzgünliligiň, sagdynlygyň, sarsmazlygyň, berkligiň nyşany. Topraga bagryny basma häsiýeti bolan gurbaga, adama mahsus bolan topraga berlenligiň, toprak bilen bagrybadaşanlygyň tymsaly.

Tekstdäki hakyky surat, dünýäniň teswiri, “meňzetme” surat bolsa dünýäniň dil teswiri. Bularyň ikisinde-de hereket, hasiyet, iş, ýagdaý bilen baglanyşykly umumylyk bolýar. Olary birmeňzeş teswir merkezine bağlayan şol umumylykdyr.

Nyşanlaryň, belgileriň, tymsallaryň ulanylyşy türkmen nusgawy edebiýatynda hem köp duşýar.

Şerg agaçdyr, bes, tarykat – pudagy,

Magrypetdir ol agajyň ýapragy.

Bes, hakykat ol agajyň miwesi,

Hak erendir uşbu hanyň eýesi” [Azady, 2012].

Dörtlükde ylmy taýdan botaniki nyşanlaryň agyrlyklydygy bolandygy bellidir. Şerigat – agaç, tarykat – pudak, magrypet – ýaprak, hakykat – miwe. Bu hakykat (miwe) bolsa wagyz bilen baglanyşykly dünýägaraýşyň beren hasylydyr.

Türkmen dilindäki “öýlenmek” işligi beýleki türki dilleriň hemmesinde ulanylýar. Sebäbi, tutuş türki halklarda maşgalanyň esasy teswiri hökmünde üç bölekden ybarat bolan gadym türkmeniň ak öýüniň gurluşy alnypdyr.

Öýlenmegiň aslynda öý ýatýar. Onuň bölekleriniň birinjisi, TÄRIM – umumy türkleriniň maşgalasynyň esasyyny emele getirýän ERKEGIÑ, TÜÝNÜK – hojalygyň ýokary derejedäki gözegçisi AÝALYÑ, UK bolsa, är-aýalyň özara gatnaşygynyň nyşanydyr.

Eýsem, makalamyzyň sözbaşyndaky 1 gazan nämekä? Ol gazan lukmançylyk bilen baglanyşykly adalgadyr. Türkmenler oňa aşgazan diýýärler. Aşgazan adamyň iýmit siňdiriş  organydyr. Başgaça mäde hem diýilýär.

Onda 1 käse nämekä? Aşgazan ýaly köp we işjeň ulanylmaýar. Oňa türkmenler “akyl käsesi” diýipdirler. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar atamyz Magtymguluda bu hakynda şeýle setirler duş gelýär:

Biribar boş etse aklyň käsesin,

Ne peýda daşyndan bezemek bilen” [Magtymguly, 2014].

Başgaça aýdylanda, “käse akylyň gabydyr”. Akyl suwuklykdyr, käse bolsa onuň gabydyr.

Eýsem, 2 sany okara nämekä? Gepleşikde, halk arasynda “okara” diýilýän hem bolsa, ýazuwda oňa “hana” hem diýilýär. Görüş organymyz bolan gözlerimiz bilen baglanyşyklydyr. “Bu habary eşiden Durdynyň gözleri hanasyndan çykaýjak ýaly boldy” diýen sözlemde Durdynyň garaşylmadyk ýagdaýdaky görnüşi teswirlenipdir.

Gözdäki okara köplenç gözýaş bilen baglnyşyklydyr. Gözýaş suwuklykdyr, adamyň göz okarasy dolanda, ol özüniň gözýaşyny okaradan döküp daşary çykarýar.

Türkmen dilinde suwuklygyň, suwuň ýygnanýan ýerine degişli okara ýene bir mysal almak bolar. Oňa mysal edip ýagyş suwlaryny özünde ýygnaýan “keýigokara” diýen ösümligi görkezip bileris.

Ýokarda gürrüňi edilen iki haltanyň biri adamyň ödi bilen baglanyşyklydyr. Başgaça aýdanymyzda, adamyň öt haltasydyr. Adamyň bagry bilen badaşan halta bolup, ol bagryň işläp çykarýan suwuklygyny özünde jemleýär.

Beýleki halta iki hili atlnadyrylýar: adamyň “peşew haltasy” ýa-da “siýdik haltasy”.  Sözlükde şeýle düşündirilýär: “Peşewhalta, siýdik ýygnanýan beden agzasy, siýdikhalta”.

Çanaklaryň ikisi aýakda, biri-de kellededir. Aýaklardaky ikisi sözlüklerde “injik süňki bilen but süňküni birleşdiriji dyzyň üstündäki tegelejik süňk” diýlip düşündirilýän dyzçanak bilen baglanyşyklydyr.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, kelledäki çanak goşma söz bolup, “kelleçanak” diýlip atlandyrylýar. Sözlüklerde “oňurgalylarda kelläniň gaty esasyny emele getirýän süňkler” diýlip düşündirilýär.

Kelleçanak hakynda käbir pikirlerimizi paýlaşmaklygy ýerlikli hasaplaýarys.

Häzirki wagtda alymlar iňlis we rus diliniň materiallary esasynda kelle (baş) bilen metaforlary içgin öwrenýärler. Olar deňeşdirme netijesinde şeýle nusgalary hödürleýärler:

Head is a container” (Голова – это контейнер);

Head is an machine” (Голова – это машина)

Head is an object” (Голова – это объект)

Head is space” (Голова – это пространство) D.M. Kireýewa [2010: 15-17].

Bu nusgalar amerkan we rus alymlarynyň bu günki barlaglarynyň netijesi. Emma türkmen dogup-döräli bäri kelläniň gapdygyny (kelle gap), kelläniň çanakdygyny (kelleçanak), kelläniň giňişlikdigini düşündirip gelýär.

Şonuň üçin şol nusgalar turuwbaşdan häzirki zaman türkmen diline häsiýetlidigini bellemelidiris. Türkmen diliniň maglumatlary esasynda olary gözden geçirmäge synnyşalyň:

Kelle çanakdyr” / “Kelle konteýnerdir

Çanak iýmit, suwuklyk guýulýan gapdyr” / “Konteýner goş-golaň salynýan gapdyr

Kelle düşünjelerden doly çanakdyr” / Konteýner düşünjelerden doly gapdyr”.

Başgaça aýdylanda, kelleçanak, düşünjäniň, dünýägaraýşyň (pikiriň / akylyň), ýerleşýän gabydyr. Türkmen dilindäki kelläniň we onda ýerleşýän düşünjäniň (akylyň, pikiriň) gap görnüşli nusgasy gaty gadymdan bäri ulanylyp gelinýär.

Adam anatomiýasy bilen baglanyşykly türkmen dilindäki “kelleçanak” (oňurgalylarda kelläniň gaty esasyny emele getirýän süňkler), türk dilindäki “kafatası”(insanda ve omurgalılarda içinde beyin bulunan, başın kemik bölümü) adalgalary hem ünsi özüne çekijidir.

Türkmen nusgawy edebiýatynda “pikir gazany” diýen durnukly aňlatma hem duş gelmek mümkin.

Pikir gazanynda gaýnadyk bişdik,

Degme, ol joş urup ýörülsin indi!” [Magtymguly, 2014] diýen setirlerde türkmen nusgawy düşünje düzüminde başga nusgasy bolmaýan “pikir” we “gazan” konseptleriniň özara gatnaşygy ilkinji gezek orta atylypdyr.

Tekstdäki “pikir gazany” diýen durnukly aňlatma düşünjeleri gurşap alýan gaby, gazany ýatladyňa salýar. Umuman alnanda, “gazan” düşünjesi türkmen milli medeniýetinde hem özboluşly ýere eýe. Ol (gazan) türkmenlerde bereketliligiň tymsaly hasap edilýär.

Kelläniň gapdygyna degişlidigini bilmek üçin käbir türkmençe sözlemleri hem gözden geçirmek ýerliklidir:

Ol düýnki bolup geçen zatlary kellesine sygdyryp bilenokdy. Kellesi boş adam eken. Kelläm çişdi. Kelläm ýarylyp barýar.

Iňlis dilindäki “Head is an machine”, rus dilindäki “Голова – это машина” diýen metaforanyň nusgasyna türkmen dilindäki “kelle döwmek”, “kellesi işlemek”, “kelläňi işletmek” ýaly durnukly aňlatmalary we “Seniň kelläň işlänok. Ol kellesi işleýän adam eken. Onuň kellesi gowy işleýär” diýen sözlemleri mysal görkezmek bolar.

 

Edebiýatlar:

AKSAN D., (2000)Her Yönüyle Dil. Ana Çizgileriyle Dilbilim, Ankara.

AKSAN D., (1987; 1990; 1993; 1997; 1998; 1999; 2001)Türkçenin Gücü, Ankara.

AZYMOW P., (1969) Türkmen Diliniň Meseleleri, Aşgabat.

ÇÖÑÑÄÝEW. Ý., (1988) Häzirki Zaman Türkmen Dili (Leksika), Aşgabat.

ERSOY N.,  (2000) Semboller ve Yorumları.İstanbul.

NEPESOW G., (1983) Metafora Çeper Diliň Serişdesidir, Aşabat.

КИРЕЕВА Д. Ðœ. Метафорическое переосмысление концептосферы “ head / голова” в английском и русском языках. Авт. кфн. Новосибирск, 2010.

ÖZCAN Y., (1998) Türkçede Yakın ve Karşıt Anlamlılar Sözlüğü, Ankara.

SAYILI A., (2001) “Dil,Uygarlık ve Kültür;Sümerler”, Bilim Kültür  Ve Öğretim Dili Olarak Türkçe. Ankara.

SARYÝEW B., (2015) “Türkmen Dilinde Dünýägaraýyş Aňladýan Sözleriň Kognitiw we Psiholingwistik Ulanylyş Aýratynlyklary”. Aşgabat.

SERTÖZ S.,  (2000) Matematiğin Aydınlık Dünyası, TÜBİTAK  Popüler Bilim Kitapları,  Ankara.

Turkmensko – Russkiy Slovar (1968) Moskova.

WEÝISOW B., (1992) Türkmen Diliniň Taryhy. Aşgabat.

Ýene-de okaň

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Gwardiola üçin täze teklip

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri