BILIM

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ministrleriniň onlaýn duşuşygy

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Somali Federatiw Respublikasynyň bilim ministri Farah Şeýh Abdulkadyryň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara ş.) Ilçisi Fathudin Ali Muhammet hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bilim ministri somalili kärdeşini Türkmenistan bilen bilim gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna bildirýän gyzyklanmasy üçin özüniň hoşallygyny bildirip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň gurluşy, bu babatda halkara derejesinde ýetilen sepgitler we geljekde ileri garalýan wezipeler bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara we sergilere, mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryň arasyndaky halkara derejeli bäsleşiklere, olimpiadalara Somaliniň wekilleriniň hem gatnaşmagyny teklip etdi.

Somali Federatiw Respublikasynyň Bilim ministri agzalan teklipler üçin minnetdarlygyny beýan edip, öz gezeginde bu ýurtda bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanyp, Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna isleg bildirilýändigini habar berdi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda özara tejribe alyşmaklaryny maksat edinip, sanly wideoaragatnaşyk arkaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar babatda duşuşyklaryň guralmagyny teklip etdi we muňa ikitaraplaýyn bilim gatnaşyklaryň ilkinji ädimi hökmünde garaýandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary