Gazagystanda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi sýaty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika, medeni we ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklaryny öz içine alýan köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdy.
Esasy üns Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabada we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Astana eden döwlet saparlaryndan soň gazanylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirildi.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmegiň ugurlaryna seretdiler. Soňky 5 ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda möçberi 4 esse artdy. 2023-nji ýylda bu görkeziji 28 göterim ýokarlanyp, 563 million dollara deň boldy.
– Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberi 100 million dollardan geçdi. Döwlet Baştutanlarynyň özara söwdany 1 milliard dollara ýetirmek babatdaky öňde goýan wezipelerini ýakyn geljekde durmuşa geçirmek mümkinçilikleri bar – diýip, Murat Nurtleu belledi.
Taraplar ulag-üstaşyr ulgamdaky hyzmatdaşlyga ýokayr baha berdiler. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ulgamyndaky hyzmatdaşlyk her geçen ýyl artýar. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky ýük gatnamalary 20 göterim artyp, 1,3 million tonna deň boldy.
Ministrler energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkiçnilikleriniň bardygyna ünsi çekip, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bellediler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Şu ýylyň dowamynda Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem ministrler sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, köptaraplaýyn ugurda netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Mundan başga-da, taraplar XXI asyrda Merkezi Aziýanyň ösdürilmegi maksady bilen dostluk, goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça bäştaraplaýyn Şertnama gol çekmek işini tamamlamagyň möhümdigini bellediler.