DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ulag düzümi tomus möwsümine taýýar

31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň tomus möwsüminde gözegçilik edýän düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek üçin degişli işler geçirilýär. “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem-de “Bagabat”, “Arçman”, “Mollagara”, “Farap”, “Baýramaly” şypahanalaryna yzygiderli awtobus gatnawy, şeýle-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Halkara howa menzilleri ýerüsti tehnikalar we awtoulaglar bilen doly üpjün edilip, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlary ýola goýuldy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara degişli gämileriň we tehnikalaryň möwsümleýin tehniki ýagdaýyna zerur taýýarlyk işleri geçirildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan hem ilaty ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tomus möwsüminde ulaglaryň ähli görnüşiniň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň, raýatlarymyzyň şypahanalara we sagaldyş merkezlerine barmagy üçin ulag gatnawlarynyň sanyny artdyrmagyň, ulaglaryň kadaly işlemegini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklar berildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri